‏ Job 25

Bildadyň sözi

1Şuwaly Bildat şeýle diýdi: 2«Hudaý gudratly we haýbatlydyr!
Gökde asudalygy berýän Oldur.
3Goşunyny sanamaga san ýetjekmi?
Güni kimiň üstüne dogmaz?
4Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler?
Ynsandan doglan nädip päk bolup biler?
5Hatda Hudaýa Aý şugla saçmasa,
ýyldyzlar Oňa öçügsi görünse,
6onda ynsan Hudaýyň gözüne gurçukça,
adamzat-da gurtça görner!»
Copyright information for TukLat16