Job 28
Paýhas öwgüsi
1«Elbetde kümşüň käni,altynyň eredilýän göweji bardyr.
2Demir ýerden alynýar,
mis daşdan eredilýär.
3Ynsan garaňkylygyň soňuna çykýar,
zulmatda mis agtaryp,
tüm garaňkylykda ýeriň aňry çägine ýetýär.
4Ynsan aýagy degmedik ýerlerde,
ýüplerden aşak sallanyp,
ilatsyz ýerde magdan gazýar.
5Ýerden çörek önýär,
asty bolsa ot bilen oýuk-oýuk edilýär.
6Daşlary gök ýakudyň mekany,
topragynda altyn bar.
7Bu ýodany ýyrtyjy guş bilýän däldir,
oňa algyryň gözi düşmedik asla.
8Buýsanjaň haýwanlar ol ýere aýak basan däldirler,
arslanyň-da aýagy degen däldir oňa.
9Magdançylar gaýalary agtaryp,
daglaryň düýbüne çenli gazýarlar.
10Gaýalaryň içinden magdan gazyp alýarlar,
gözleri gymmatbaha zatlaryň gözlegindedir.
11Çeşmeleriň akymyny togtadyp,
gizlin hazynalary ýüze çykarýarlar.
12Emma paýhas nireden gelýär?
Düşünjäniň gözbaşy nirede?
13Paýhasyň gadyryny bilmeýär ynsan,
tapylgysyzdyr ol bu dünýäde.
14Çuňluk: „Ol mende ýokdur“diýýär,
deňiz: „Ol mende däl“diýýär.
15Ne sap altyna, ne-de kümşe,
çalşyp bolýar ony.
16Opyr altyny, gymmatbaha hakyk,
gök ýakut onuň bahasyna ýetmez.
17Ne altyn, ne-de göwher oňa taý geler,
ony sap altyn gaplara çalşyp bolmaz.
18Merjen bilen dürüň-ä adam agzalmasyn,
paýhasyň bahasy lagyldanam gymmatlydyr.
19Efiopiýa topragynyň gök ýakudy oňa taý gelmez,
hatda sap altyn bilen hem baha kesip bolmaz.
20Onda paýhas nireden gelýär?
Düşünjäniň gözbaşy nirede?
21Ähli janly-jandardan gizlenýändir ol,
gökdäki guşlardan hem ýaşyrylýandyr.
22Heläkçilik we Ölüm:
„Diňe paýhasyň myş-myşyny eşitdik“diýýärler.
23Paýhasa ýoly Hudaý bilýär,
onuň mekanyny diňe Ol bilýär.
24Çünki Hudaý ýeriň aňry çägine ser salýar,
gökleriň astyndaky ähli zady görýär.
25Ýeliň agramyny kesgitläp,
suwlary ölçege görä paýlanda,
26ýagyş ýagdyryp,
gök gübürdisine ýol açan wagty,
27Ol paýhasy görüp, yglan etdi,
ony tassyklady, soňam synady.
28Onsoň Ol adamzada:
„Ine, Rebden gorkmak – bu paýhasdyr.
Şerden gaça durmak – bu düşünjedir“diýdi».
Copyright information for
TukLat16