‏ Job 3

Eýýup gepleýär

1Ahyry Eýýup dil açdy we öz dünýä inen gününi näletledi. 2Ol şeýle diýdi: 3«Goý, meniň doglan günüm gurasyn!
„Göwrede ogul çaga galdy“diýlen gijä nälet siňsin!
4Goý, şol gün garaňkylyga öwrülsin!
Gökdäki Hudaý şol güni unutsyn,
onuň üstüne ýagty düşmesin!
5Goý, şol güni garaňkylyk, tüm garaňkylyk gurşasyn.
Bulutlar örtsün ony,
garaňkylyk ony gorka salsyn!
6Şol gijäni zulmat gaplasyn,
ol gije ýylyň günlerine girizilmesin.
7Goý, ol önelgesiz gije bolsun,
onda şatlykly owaz eşidilmesin!
8Goý, günleri näletleýänler,
Liwýatany
Liwýatan – deňiz aždarhasy. Sözlüge seret.
oýarmagy başarýanlar
şol güni näletlesinler!
9Daň ýyldyzlary şugla saçmasyn şol gün,
yşyga umyt baglasyn,
ýöne yşyk bolmasyn,
daň şapagyna ýüzi düşmesin!
10Çünki ol enemiň ýatgysyny ýapmady,
hasraty meniň gözlerimden gizlemedi.

11Näme üçin dünýä inäýemde ölmändirin?
Göwreden çykan dessime jan bermändirin?
12Etege salynmasam boljak eken!
Emdirilmänler geçsem boljak eken!
13Onda men häzir rahatlykda ýatardym,
dynçlykda bolardym.
14Haraba öwrülen binalary guran
dünýäniň şalary, geňeşçileri bilen,
15öýlerini kümüşden dolduran,
altyn toplan han-begler bilen dynçlykda bolardym.
16Näme üçin öli doglan çaga dek,
ýagta gözi düşmedik çaga dek ýere gömülmändirin men?!
17Ol ýerde ýamanlar ýamanlykdan el çekýärler,
ýadawlar-da dynç alýarlar.
18Ol ýerde ýesirler asudalykdadyr,
olar gözegçileriniň seslerinden dynçdyr.
19Baý-da, garyp-da bardyr ol ýerde,
gullar-da hojaýynlaryndan azatdyr.

20Näme üçin jebir-jepa çekýäne nur,
kalby hasratla-da ömür berilýär?
21Ajaly arzuw edýärler, ajal gelmeýär,
ony gizlenen hazynadan köp agtarýarlar.
22Gabra gowşanlarynda, şatlanýarlar,
joşup, şowhun edýärler.
23Näme üçin ýoluny görüp bilmeýäne,
Hudaýyň tümlüge gaplanyna ömür berilýär?
24Çörege derek ahy-zar ýuwudýan,
ahy-nalalarym edil suw kimin dökülýär.
25Hakykatdanam, gorkym başyma gelýär,
heder edenim-de üstümden inýär.
26Mende ne rahatlyk bar,
ne asudalyk, ne-de dynçlyk bar,
diňe tükeniksiz muşakgat gelýär».
Copyright information for TukLat16