‏ Job 32

Elihu Eýýubyň dostlaryna jogap berýär

1Şeýdip, bu üç kişi Eýýup bilen jedelini bes etdi, çünki Eýýup öz gözüne dogruçyl göründi. 2Onsoň ram urugyndan, büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu muňa gazaplandy. Onuň Eýýuba gaty gahary geldi, sebäbi Eýýup Hudaýy däl-de, özüni aklady. 3Elihu Eýýubyň üç dostuna-da gaty gaharlandy, çünki olar dogry jogap tapmansoňlar, Hudaý günäkär ýaly bolup göründi. 4Elihu beýlekilerden ýaş bolandygy üçin, Eýýup bilen gepleşmäge öz nobatyna garaşdy. 5Bu üç adamdan jogap ýokdugyny görende, Elihu gazaplandy.

6Büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu şeýle jogap berdi: «Men ýaş, siz garry,
şonuň üçin men çekindim,
öz pikirimi aýtmaga gorkdum.
7Içimi gepledip: „Goý, gojalar geplesinler,
ýaşulular paýhas bersinler“diýdim.
8Ýöne ynsana içindäki ruh,
Gudratygüýçliniň demi akyl berýär.
9Paýhas diňe gojalarda däldir,
hakykata düşünýän diňe ýaşulular däldir.
10Şonuň üçin: „Maňa gulak salyň,
men öz pikirimi beýan etsem“diýýän.

11Ine, men sözleriňize garaşdym,
aýtjak zadyňyzy agtarýarkaňyz,
parasatly gepiňize gulak asdym.
12Sizi dykgat bilen diňledim,
emma hiç biriňiz Eýýubyň nähaklygyny subut etmediňiz,
hiç biriňiz onuň sözlerine jogap bermediňiz.
13Siz: „Biz paýhas tapdyk,
ony Hudaý nähak çykarsyn, ynsan däl“diýmäň.
14Eýýup sözlerini maňa garşy gönükdirmedi,
oňa siziň sözleriňiz bilen jogap bermerin.

15„Olar gorkup, jogap berip bilmeýärler,
söz tapmaýarlar aýtmaga.
16Olardan ses-seda çykmaýar,
olar jogapsyz durlar“diýip,
men garaşaýynmy indi?
17Men-de öz jogabymy bererin,
öz pikirimi beýan ederin.
18Çünki men sözden doly,
içimdäki ruh meni gyssaýar.
19Ine, içim açylmadyk şerap kimin,
täze meşik kimin ýarylyp barýar.
20Gepläp, içimi sowadaýyn,
dil açyp, saňa jogap bereýin.
21Adamdan ýüz görmerin,
ýaranjaňlyk etmen hiç kime.
22Ýaranjaňlyk etmegi başarmaýan men,
ýogsa Ýaradanym meni-de ýok ederdi».
Copyright information for TukLat16