Job 34
Elihu Eýýuby günäkärleýär
1Elihu sözüni dowam edip, şeýle diýdi: 2«Eý, akylsumaklar, sözlerime gulak goýuň,eý, bilimsekler, meni diňläň.
3Diliň naharyň tagamyny dadyşy ýaly,
gulak hem sözleri barlaýar.
4Geliň, hakykaty saýlalyň,
ýagşyny birlikde öwreneliň.
5Çünki Eýýup: „Men bigünä,
Hudaý meni hakymdan mahrum etdi.
6Men hak bolsam-da, ýalançy saýylýaryn,
ýazyksyz bolsam-da, derdime em ýok“diýdi.
7Eýýup ýaly adam barmy?
Ol ýaňsylamany suw dek içýär.
8Pislik edýänler bilen ülpet bolup,
erbetler bilen tirkeşýär.
9Çünki Eýýup: „Hudaýy hoşnut etmek
ynsana peýda bermez“diýýär.
10Muňa görä, eý, bilimsekler, maňa gulak asyň,
heý-de, Hudaý pislik edermi?
Gudratygüýçli nähaklyk edermi?
11Hudaý ynsanlaryň etmişlerini başlaryndan inderer,
olara öz pälinden tapdyrar.
12Dogrusy, Hudaý hiç haçan pislik etmez,
Gudratygüýçli adalaty ýoýmaz.
13Oňa bütin ýer ýüzüniň üstünden hökmürowanlygy beren kim?
Bütin dünýäni Onuň ygtyýarynda goýan kim?
14Hudaý niýet edip,
Öz ruhuny, demini yzyna alsa,
15bütin adamzat heläk bolar,
ynsanlar ýene topraga öwrülerler.
16Düşünjäň bolsa, diňle,
sözüme gulak goý.
17 Adalaty ýigrenýän höküm sürüp bilermi?
Dogruçyly, gudratly Bolany ýazgarjakmy?
18Ol patyşa: „Sen deýýus“,
beglere: „Siz pis“diýýär.
19Han-beglerden ýüz görmeýär,
baýy garypdan ýokary tutmaýar,
çünki hemmeler Onuň eliniň ýaradanydyr.
20Olar göz ýumup-açasy salymda ölýärler,
adamlar gije lerzana gelip, dünýäden ötýärler,
güýçlüler hem ynsan eli degmezden ýok bolýarlar.
21Hudaýyň gözleri ynsanlaryň ýoluna dikilgidir,
Ol ynsanlaryň her ädimini görýär.
22Pisler gizlener ýaly,
ne garaňkylyk, ne-de tüm garaňkylyk bar.
23Öz huzuryna höküme gelsinler diýip,
ynsanlara gün bellemek gerek däl Hudaýa.
24Hudaý barlamazdan güýçlüleri gyryp,
ýerlerine başgalary goýýar.
25Hudaý olaryň etmişlerini bilip,
bir gijede olary agdarýar, olar ezilýärler.
26Hudaý olary pisligi üçin
hemmäniň gözüniň alnynda jezalandyrýar.
27Çünki olar Onuň yzyna eýermediler,
Onuň ýollaryny äsgermezlik etdiler.
28Garyplaryň nalasy Hudaýa baryp ýetdi,
Ol ezilenleriň nalasyny eşitdi.
29Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler?
Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler?
Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,
30hudaýsyz adam şalyk sürüp,
halka duzak gurmasyn.
31Hudaýa: „Jezamy çekdim,
indi pis iş etmerin.
32Görmeýänimi maňa öwret,
etmiş eden bolsam, indi gaýtalaman“diýeniňiz barmy?
33Hudaý isleýşiňe görä
saňa adalatlylyk bersinmi?
Sen Ony ret etdiň.
Sen karara gelmelisiň, men däl,
şonuň üçin bilýäniňi aýt.
34Düşünjesi bolanlar,
meni diňleýän akyldarlar:
35„Eýýup bilmezden gürleýär,
onuň sözleri manysyz“diýerler.
36Erbetler ýaly jogap gaýtarýandygy üçin,
Eýýup ahyra çenli synagda bolsun!
37Çünki ol günäsine günä goşýar,
aramyzda kinaýaly el çarpyp,
Hudaýa garşy gepini köpeldýär».
Copyright information for
TukLat16