‏ Job 35

Elihu sözüni dowam edýär

1Elihu şeýle diýdi: 2«Seniň: „Hudaýyň öňünde hakdyryn“diýmäň
dogry däl Eýýup!
3Sen Hudaýa: „Günämiň Saňa näme dahyly bar?
Günäsizlikden näme peýda gördüm?“diýýärsiň.
4Men seni we dostlaryňy
jogapsyz galdyrmaryn.
5Göklere seredip gör,
bulutlara göz gezdir, olar senden belent.
6Günä eden bolsaň, Hudaýa näme zyýany bar?
Ýazygyň köpelse, Hudaýa zeleli näme?
7Dogrulygyň Hudaýa ne peýdasy bar,
Onuň saňa mätäçligi näme?
8Pisligiň özüň ýaly adamlara täsiri ýetýär,
dogruçyllygyň beýleki ynsanlar üçindir.
9Ynsanlar agyr sütem astynda perýat edýärler,
güýçlüleriň elinden gutulmak üçin ýardam soraýarlar.
10Ýöne hiç kim: „Gijesine aýdymlar berýän Ýaradanym nirede?
11Ol bize ýer ýüzündäki haýwanlardan köp öwredýär,
bizi gökdäki guşlardan akylly edýär“diýmeýär.
12Ýamanlyk edýänleriň tekepbirligi zerarly,
olar nalyş edende, Hudaý jogap bermeýär.
13Elbetde, Hudaý boş nalyşy diňlemeýär,
Gudratygüýçli oňa ähmiýet bermeýär.
14Hudaýy görmeýärin diýseň-de,
dawaň Onuň öňündedir, Oňa garaş.
15Indi Hudaý gaharyna jeza bermeýär,
günä gaty üns bermeýär diýip,
16Eýýup biderek sözläp,
hiç zat bilmezden gepini köpeldýär».
Copyright information for TukLat16