Job 38
Reb Eýýuba jogap berýär
1Onsoň Reb harasadyň içinden Eýýuba şeýle jogap berdi: 2«Nadan sözleriň bilennesihatymy garalar ýaly kim bolupsyň?
3Erkek kimin biliňi berk guşa,
seni sorag etjek, Maňa jogap ber!
4Men ýeriň düýbüni tutanymda, sen niredediň?
Bilýän bolsaň, aýt hany!
5Ýeriň ölçegini kesgitlän kim?
Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi?
Onuň üstünden ýüp çeken kim?
6Ýer sütünlerini saklaýan diregler nämä berkidilen?
Onuň burç daşyny kim goýdy?
7Şonda daň ýyldyzlary aýdym aýdyşdylar,
ähli ylahy barlyklar begenjinden gygyryşdylar.
8Deňiz ýeri böwsüp çykanda,
onuň öňüne böwet basan kim?
9Deňzi bulutlar bilen örtüp,
ony tüm garaňkylyga gaplan Mendirin.
10Deňze gözenekdir gapy goýup,
oňa çäk çeken-de Mendirin.
11Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň,
güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“diýdim.
12– 13Şöhlesini ýer ýüzüniň dört künjegine ýaýradar ýaly,
erbetleri gizlenen ýerinden silterläp çykarar ýaly,
ömrüňde ir sähere buýruk berdiňmi?
Daň şapagyna ýerini görkezdiňmi?
14Ýer ýüzi möhür basylan toýun,
lybas kimin göze görünýär.
15Erbetler nurdan mahrum edilýär,
ýokary galdyrylan gol döwülýär.
16Deňziň gözbaşlaryna baryp gördüňmi?
Çuňluklaryň düýplerine gezelenç etdiňmi?
17Saňa ölüler dünýäsiniň gapylary görkezildimi?
Tüm garaňkylygyň derwezelerini gördüňmi?
18Dünýä giňişligine ser saldyňmy?
Aýt, onda şularyň baryny bilýän bolsaň.
19Ýagtylygyň mesgenine gidýän ýol nirede?
Garaňkylygyň mekany nirede?
20Olary ýerli-ýerine äkidip bilermiň?
Olaryň mesgenlerine gidýän ýodalary bilýäňmi?
21Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi?
Sen näme şol döwürde doguldyňmy?!
Şonça ýyllar ýaşadyňmy?
22Garyň ammarlaryna girip gördüňmi?
Doly ammarlaryna ser saldyňmy?
23Olary betbagtly günler üçin,
gowga we söweş günleri üçin saklaýaryn.
24Ýyldyrymyň nireden gelýänini,
gündogar ýeliniň nireden başlaýanyny bilýäňmi?
25– 26– 27Ynsanyň aýak basmadyk ýerine,
ýaşalmaýan çöle ýagyş ýagsyn,
haraba öwrülen çöl suwdan ganyp,
ol ýerde ot bitsin diýip,
ýagyş akymlary üçin ýaby,
ýyldyrymlara ýol açan kim?
28Ýagşyň atasy barmy?
Çyg damjalaryny ýaradan kim?
29Buz kimiň ýatgysyndan çykdy?
Göklerden düşen gyrawy kim dogurdy?
30Suwlar gaty daşa dönýär,
deňziň ýüzi doňýar.
31Ülker ýyldyzlarynyň zynjyrlaryny baglap bilermiň?
Orionyň baglaryny çözüp bilermiň?
32Ýyldyzlar toplumyny öz möwsümlerinde çykaryp bilermiň?
Uly, Kiçi Ýedigene ýol görkezip bilermiň?
33Gögüň kanunlaryny bilýäňmi sen?
Ýerde olaryň hökümini ýöredip bilermiň?
34Başyňa bol ýagyş ýagsyn diýip,
bulutlara buýruk berip bilermiň?
35Saňa: „Biz seniň hyzmatyňda“diýer ýaly,
ýyldyrym çakdyryp bilermiň?
36Leglege paýhas beren kim?
Horaza düşünje beren kim?
37Kimiň bulutlary sanamaga paýhasy ýeter?
Gögüň tulumlaryny kim agdaryp biler?
38Şonda toprak gatap,
kesekler biri-birlerine ýapyşýarlar.
39– 40Şirler sürenlerine sümen pursady
ýa-da sümme tokaýda bukuda ýatyrka,
şir üçin aw awlap bilermiň?
Çaga arslanlaryň garnyny doýrup bilermiň?
41Garga balalary Hudaýa nalyş edip,
açlykdan entänlerinde,
olary olja bilen üpjün edýän kim?
Copyright information for
TukLat16