‏ Job 9

Eýýup Bildada jogap berýär

1Eýýup şeýle jogap berdi: 2«Dogrusy, munuň şeýledigini men bilýän,
ýöne Hudaýyň öňünde ynsan neneň dogry bolup biler?
3Hudaý bilen jedelleşmek islän,
Onuň müňden bir sowalyna-da jogap berip bilmez.
4Hudaý paýhaslydyr, gudratlydyr,
Onuň garşysyna gidip, Ondan üstün çykan barmydyr?
5Ol daglary ýerinden süýşürýär, ýöne muny bilmeýärler,
gazabyna daglary ters düňderýär.
6Ol ýeri sarsdyryp,
Onuň sütünlerini titredýär.
7Ol Güne buýruk berýär – Gün dogmaýar,
ýyldyzlary möhürläp, gadagan edýär.
8Onuň ýeke Özi gögi ýaratdy,
Ol deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär.
9Uly Ýedigeni, Oriony,
Ülkeri we günorta ýyldyzlaryny ýaradan Oldur.
10Akyla sygmajak beýik işleri,
sansyz täsin işleri edýän-de Oldur.
11Ine, Hudaý gapdalymdan geçýär, emma Ony görmeýärin,
geçip gidýär, ýöne Oňa gözüm düşmeýär.
12Ol tutup äkidýär – Ony saklap biljek barmy?
„Edýäniň näme?“diýip biljek barmy Oňa?
13Hudaý gazabyndan dönmez,
Rahabyň
Rahap – gadymy rowaýatlarda duş gelýän äpet deňiz jandary. Sözlüge seret.
kömekçileri Onuň aýak astyna düşýär.

14Onsoň men Oňa nädip jogap berip bileýin,
jedelleşmäge sözleri nireden tapaýyn?
15Bigünä bolsam-da, Oňa jogap berip bilmerin,
Hökümdaryma rehim et diýip ýalbararyn.
16Çagyranymda, maňa jogap berenem bolsa,
Onuň meni diňlejekdigine ynam etmeýän.
17Ol başyma harasat inderýär,
nähak ýere ýaralarymy artdyrýar Ol.
18Maňa dem almaga salym bermeýär,
Ol kalbymy hasratdan doldurýar.
19Güýç synalsa, elbetde, Ol güýçli çykar!
Sorag adalatlylyk hakda bolsa, kim Hudaýa höküm edip biler?
20Bigünä bolsam-da, öz dilim maňa höküm eder,
akýürekli bolsam-da, ol meni nähak çykarar.
21Men akýürekli, ýöne parhy ýok maňa,
men öz durmuşymy ýigrenýärin.
22Barybir, şonuň üçinem
„Ol aýypsyzy-da, aýyplyny-da ýok edýär“diýýän.
23Betbagtçylyk duýdansyz ölüm getirende,
Ol bigünäleriň başyndan inen bela gülýär.
24Dünýä erbetleriň eline berlendir,
dünýä kazylarynyň gözlerini baglaýan Oldur.
Eger Ol bolmasa, onda kim?

25Günlerim çapardan çalasyndyr,
ýagşylyk görmezden çalt geçip barýar.
26Gamyşdan edilen gaýyk deý,
awuna okdurylýan bürgüt deý
gaýyp barýar.
27„Arzymy unudaýyn,
ýüzümi ýagtyldyp, şat bolaýyn“diýsem,
28ähli muşakgatlyklarymdan eýmenýän,
çünki Seniň meni bigünä saýmajagyňy bilýän.
29Barybir höküm edilerin,
näme üçin ýöne ýere jan edýän?
30Gar suwuna ýuwnup,
ellerimi aşgar bilen tämizlesem-de,
31Sen meni laý çukura taşlarsyň,
hatda öz eşiklerime ýigrenji görnerin.
32Çünki Oňa jogap bererim ýaly,
kaza bile giderimiz ýaly,
Ol ynsan däl ahyryn!
33Wah, ikimizi-de diňläp,
elini üstümize goýar ýaly,
aramyzda bir araçy bolsady!
34Hasasyny depämden aýyrsady Hudaý,
üstümden howp abandyrmasady!
35Şonda men gorkman geplärdim,
bu halda welin, hiç zat edip bilmeýärin».
Copyright information for TukLat16