Joel 1
1Petuwalyň ogly Ýowele Rebbiň şu sözi aýan boldy:Leşger hüjüm edýär
2Eý, ýaşulular, diňläň siz muny,siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty:
siziň günleriňizde ýa atalar döwründe,
heý-de, bolupmydy şular ýaly zat?
3Siz muny ýetiriň çagalaryňyza,
olar hem aýtsyn öz çagalaryna,
olaryň çagalary-da indiki nesle.
4Ýumurtgadan çykan çekirtgeden artan hasyly
ganat baglamadyk çekirtge iýdi.
Ondan artany ganat baglan çekirtge iýdi,
ganat baglan çekirtgeden artan hasyly
gemriji çekirtge sürüsi iýdi.
5Eý, serhoşlar, aýňalyň-da, aglaň siz,
täze şerap üçin nalaň, ony içýänler,
çünki täze şerap agzyňyzdan kesildi.
6Sebäbi meniň topragyma ummasyz,
güýçli bir leşger çozdy;
arslanyňky ýaly onuň dişleri,
ene ýolbarsyňky deý gyýyk dişleri.
7Ol weýran etdi üzüm şahalarymy,
çapym-çapym etdi injir agaçlarymy,
şahalarynyň gabygyny sypyryp,
ýere taşlady;
üzüm şahalary-da agaryp galdy.
8Söýgüli adaglysyny ýitirip,
jul geýnen gyz kimin ah çekip, nala!
9 Rebbiň öýünden kesildi indi
galla hem-de içgi sadakalary.
Rebbe hyzmat edýän ruhanylar
tutýarlar ýasy.
10Meýdanlar boşady, toprak aglaýar,
çünki weýran boldy onuň gallasy.
Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy.
11Eý, daýhanlar, arpa-bugdaý üçin gamlanyň,
üzüm bagbanlary, ses edip aglaň,
çünki weýran boldy meýdan gallasy,
12gurap galdy üzüm agajy,
solup galdy injir agajy.
Nar, alma, hurma –
meýdandaky baglaryň gurady bary.
Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy.
13Eý, ruhanylar, jul guşanyň, ýas tutuň!
Eý, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler,
dat-perýat ediň!
Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri,
gijäňizi jul içinde geçiriň!
Çünki galla, içgi sadakalary
kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.
14 Agyz beklemäge belläň siz wagty,
jar ediň mukaddes ýygnanyşygy.
Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny
ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne
hem-de Rebbe dat-perýat ediň.
15Dat ol güne!
Çünki Rebbiň güni ýakyndyr.
Gudratygüýçlüden
Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.
16Eýsem gözümiziň alnynda iýjegimiz,
Hudaýymyzyň öýünden-de
şatlykdyr bagtyýarlyk kesilmeýärmi?
17Tohumlar çüýredi kesek astynda,
ammarlar hem gugaryp galdy,
galla ammarlary çagşap dagady,
çünki galla ekinleri hasyl bermedi.
18Mal-gara neneňsi zaryn yňranýar!
sygyr sürüleri yranyp barýar,
çünki olar üçin ýokdur ýaýlalar;
goýun sürüleri-de ysgyndan düşen.
19Ýa Reb, Saňa dat-perýat edýän,
çünki ýaýlalary ot ýalmap ýuwutdy,
meýdan agaçlarynyň baryny
ýalyn köýdürdi.
20Saňa perýat edýär hatda çöl haýwanlary,
çünki gurap galdy suw akarlary,
ot hem ýalmap ýuwutdy gök ýaýlalary.
Copyright information for
TukLat16