Joel 3
Reb milletlere jeza berjek
1«Ine, şonda, Ýahuda bilen Iýerusalimiň öňki abadançylygyny dikelden günlerimde, 2Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat ▼▼Ýehoşapat – bu söz Reb höküm edýär diýmegi aňladýar. Seret: 2ÝÝ 20:1-30.
jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler, 3Meniň halkym üçin bije atdylar, oglany loly üçin, gyzy şerap içmek üçin satdylar. 4Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn. 5Çünki siz Meniň altyn-kümşümi, saýlama hazynamy buthanalaryňyza äkitdiňiz. 6Siz Ýahuda we Iýerusalim halklaryny öz çäklerinden uzaklaşdyryp, olary grek halkyna satdyňyz. 7Indi bolsa olary şol ýerden aýaga galdyryp, edenleriňizi öz başyňyza salýan Mendirin. 8Men siziň oguldyr gyzlaryňyzy Ýahuda halkyna sataryn, ol hem siziň çagalaryňyzy uzakdaky Şebalylara satar». Muny Reb aýtdy. 9Muny halklar arasynda jar ediň:«Söweş üçin taýýarlyk görüň,
batyrlary aýaga galdyryň,
goý, esgerleriň bary jemlensin.
10Azallaryňyzdan gylyçlar,
oraklaryňyzdan naýzalar ýasaň;
ejiz „men güýçli“diýsin.
11Eý, töwerekdäki ähli milletler,
howlugyň, üýşüp ýygnanyň!
Ýa Reb, aşak indir Öz batyrlaryňy!»
12«Goý, milletler galkynsyn,
Ýehoşapat jülgesine insin,
çünki çar tarapdan gelen milletlere
höküm çykarmak üçin,
Men şol ýerde oturjak.
13Oraklaryňyzy işlediň,
çünki hasyl ýetişdi;
üzüm sykylýan ýeri doly,
Çelekler dolup daşýança basgylaň.
Çünki hetden aşdy pislikleri milletleň».
14Höküm jülgesinde
Birgiden mähelle, ägirt mähelle!
Çünki Rebbiň güni
höküm jülgesine golaýdyr.
15Günüň, Aýyň ýüzi garalýar,
ýyldyzlar hem şöhlesini saçmaýar.
16Reb gümmürdeýär Siondan
hem seslenýär Iýerusalimden.
Asman bilen ýer lerzana gelýär.
Emma Reb Öz halkyna penadyr,
hem ysraýyl halky üçin galadyr.
17«Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň
mukaddes dagym Sionda
mesgen tutandygymy bilersiňiz.
Iýerusalim hem mukaddes bolar,
kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.
18Şol gün şeýle bolar:
Daglardan täze şerap damar,
baýyrlardan süýt akar,
Ýahuda jarlarynyň ählisi
suwdan dolar.
Rebbiň öýünden gözbaş ýarylyp,
Şitim jülgesiniň gury jarlaryny gandyrar.
19Weýran bolar Müsür,
döner çöllüge Edom,
çünki olar ýahuda halkyna
etdiler sütem;
boýadylar topraklaryny
bigünä gana.
20Ýöne baky mesgen bolar Ýahuda,
Iýerusalim-de bolar nesilden-nesle.
21Men alaryn ganlarynyň hununy
hem-de aklamaryn günäni,
çünki Reb Sionda mesgen tutýandyr».
Copyright information for
TukLat16