John 18:33-38
33Onsoň Pilat ýene öz jaýyna girdi-de, Isany çagyryp, Ondan: «Sen ýahudylaryň Patyşasymy?» diýip sorady. 34Isa ondan: «Muny özüňden aýdýarsyňmy ýa-da Men hakda saňa başgalar aýtdymy?» diýip sorady. 35Pilat Isa: «Eýsem men ýahudymy näme? Seni maňa Öz halkyň bilen ýolbaşçy ruhanylar tutup getirdiler. Sen näme iş etdiň?» diýdi. 36Isa oňa: «Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl. Eger Meniň Patyşalygym bu dünýäden bolsady, onda hyzmatkärlerim Meni ýahudylaryň eline berdirmejek bolup göreşerdiler. Emma Meniň Patyşalygym başga ýerdendir» diýdi. 37Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi. 38Pilat Ondan: «Hakykat näme?» diýip sorady. Muny diýenden soň, ol ýene ýahudylaryň ýanyna çykyp, olara: «Men Ondan hiç bir ýazyk tapmadym.
Copyright information for
TukLat16