‏ John 6:15-21

15Isa olaryň Özüni patyşa etmek üçin zor bilen tutjak bolýandyklaryny bilensoň, ýene-de ýeke Özi daga gitdi.

Isa suwuň ýüzünden ýöreýär

(Matta 14:22-33; Mark 6:45-52)

16Agşamara Onuň şägirtleri kölüň boýuna geldiler. 17Garaňky düşse-de, Isa heniz olaryň ýanyna gelmändi. Onsoň şägirtler gaýyga münüp, kölüň aňyrsyndaky Kapernauma ugradylar. 18Güýçli ýel turup, köl tolkun atyp başlady. 19Olar gaýykly bäş-alty çakrym
Bäş-alty çakrym – grekçe ýigrimi bäş-otuz stadios. Bir stadios takm. 200 m deňdir.
ýüzenlerinden soň, Isanyň suwuň ýüzünden ýöräp, gaýyga ýakynlaşyp gelýänini görüp gorkdular.
20Emma Isa olara: «Gorkmaň, bu – Men!» diýdi. 21Olar begenip, Ony gaýyga mündürdiler. Gaýyk şol pursadyň özünde ýetmeli kenaryna baryp ýetdi.
Copyright information for TukLat16