‏ Jonah 2

1Şondan soň Reb uly bir balyga Ýunusy ýuwutmagy emr etdi. Ýunus üç gije-gündizläp balygyň garnynda boldy.

Ýunusyň dogasy

2 3Soňra Ýunus balygyň garnyndan öz Hudaýy Rebbe ýüzlenip, şeýle doga okady: «Jebir çekenimde, ýa Reb, çagyrdym Seni.
Jogap berdiň maňa.
Ölüler diýarynyň goýnundan çagyrdym Seni,
eşitdiň Sen nalamy.
4Çuňluga, deňizleriň bagryna taşladyň meni.
Gurşady suwlar meni.
Ähli güýçli tolkunlaryň
üstümden geçdi meniň.
5Şonda nazaryňdan kowuldym diýdim,
ýa Reb, Seniň mukaddes ybadathanaňy
ýene nädip görerin diýdim.
6Suw kekirdegime geldi.
Ýesir düşdüm çuňluga.
Başyma çolaşdy deňiz otlary.
7Indim daglaryň düýbüne.
Gapylary baky ýapylýan ýere düşdüm.
Ýöne, eý, Hudaýym Reb, janymy çuňlukdan halas etdiň.
8Ýa Reb, jandan umyt üzenimde, Seni çagyrdym.
Öz mukaddes ybadathanaňda sözümi eşitdiň.
9Puç butlara sygynanlar
öz wepalylygyny terk etdiler.
10Men welin alkyşly aýdymlar bilen
Saňa gurbanlyk bererin.
Kasamymy berjaý ederin.
Gutulyş Rebdendir».

11Reb balyga emr etdi. Balyk Ýunusy gury ýere gusdy.
Copyright information for TukLat16