Jonah 4
Ýunus gaharlanýar
1 Ýunus muňa gaty gamlandy we onuň gahary geldi. 2Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn. 3Indi bolsa, Ýa Reb, meniň janymy al, çünki ýaşanymdan ölenim gowudyr». 4Reb oňa: «Seniň gaharlanmaga hakyň barmy?» diýdi. 5 Ýunus şäherden çykdy we onuň gündogar tarapynda bir ýerde dyz epdi. Şol ýerde özüne çatma dikdi we şähere näme bolýanyny görmek üçin, ol onuň kölegesinde oturdy. 6Ýunusyň üstüne saýa salar ýaly we ony köşeşdirer ýaly, Beýik Hudaý ol ýerde bir düýp ösümlik gögertdi. Muňa Ýunusyň göwni galkyndy. 7Emma ertesi gün daňdan Hudaý bir gurçuk iberdi we ol gurçuk ösümligi içinden iýip, ony guratdy. 8Gün doganda, Hudaý gündogardan epgek öwüsdirdi. Gün Ýunusyň depesini gaýnadyp başlady, onda ysgyn-mydar galmady. Ol özüne ölüm diläp: «Ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi. 9Hudaý Ýunusdan: «Ösümlik babatda gaharlanmaga hakyň barmy?» diýip sorady. Ýunus: «Hawa, hakym bar. Gahardan ýaňa özüme ölüm dileýärin» diýdi. 10– 11Şonda Reb oňa şeýle diýdi: «Öz zähmetiň siňmedik, bir gijäniň içinde ösüp, bir gijäniň içinde-de guran ösümlige seniň nebsiň agyranda, sagyny-soluny saýgaryp bilmeýän ýüz ýigrimi müňden agdyk adama we köp mal-garasy bolan şeýle uly şäher Ninewä Meniň neneň haýpym gelmesin?»
Copyright information for
TukLat16