‏ Joshua 17

Günbatardaky manaşa tiresiniň mülk ýeri

1Şeýle hem, günbatardaky manaşa tiresi üçin bije atyldy. Manaşa Ýusubyň nowbahar ogludy. Manaşanyň ilkinji ogly, Gilgadyň kakasy Makyr ökde urşujy bolandygy üçin, bije boýunça onuň urugyna Gilgat we Başan berlipdi. 2Manaşa tiresiniň beýleki uruglarynyň: Abygezeriň, Helegiň, Asryýeliň, Şekemiň, Heperiň we Şemidanyň hem bije boýunça Iordan derýasynyň günbatar tarapynda paýlary bardy. 3Manaşanyň ýuwlugy, Makyryň çowlugy, Gilgadyň agtygy, Heperiň ogly Selophadyň ogul perzendi ýokdy. Onuň diňe bäş gyzy bolup, olaryň atlary şulardyr: Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa. 4Olar Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ýolbaşçylaryň ýanyna gelip, olara: «Reb Musa agalarymyzyň uruglary bilen birlikde bize hem mülk ýer bermegi buýrupdy» diýdiler. Ýeşuwa Rebbiň buýrugyna görä, olara hem bäş agasynyň uruglarynyň arasynda mülk berdi. 5 6Şeýlelikde, günbatardaky manaşa tiresine on paý ýer berildi. Sebäbi Manaşanyň gyz gowluklary hem ogul gowluklary bilen birlikde mülk aldylar. Manaşa tiresiniň beýleki uruglaryna Iordan derýasynyň gündogar tarapynda mülk berildi.

7Manaşa tiresiniň Iordan derýasynyň günbatarynda tutýan meýdany Aşerden başlap, Mikmetada çenli, ýagny Şekemiň gündogar tarapyna çenli uzalyp, ol ýerden araçäk günorta tarap Eýntapuwanyň ýaşaýjylaryna çenli ýetýär. 8Tapuwa galasynyň daş-töweregi Manaşa degişlidi, emma Tapuwa galasy efraýymlylara degişli bolan Manaşanyň araçäginde ýerleşýärdi. 9Soňra araçäk Kana akymynyň günorta tarapy bilen aşak düşýär. Akymyň günortasyndaky galalar Manaşada ýerleşseler-de, Efraýyma degişli bolupdyr. Manaşanyň araçägi akymyň demirgazyk tarapynda bolup, ol Ortaýer deňzinde gutarýar. 10Günorta tarap Efraýyma, demirgazyk bolsa Manaşa degişli bolup, olaryň günbatar araçägi Ortaýer deňzi bolupdyr. Olaryň demirgazyk-günbatar tarapy – Aşer, demirgazyk-gündogar tarapy bolsa Ysakar bolupdyr. 11Ysakardan we Aşerden manaşalara obalary bilen Beýtşeýany, Iblegamy, şeýle-de Doruň (bu deňiz kenarynda), Endoruň, Tagnagyň, Megidonyň ilatyny we obalaryny berdiler. 12Manaşalar ol galalaryň ýaşaýjylaryny kowup çykaryp bilmediler we kenganlar öz ýerlerinde galyp, ýaşamaklaryny dowam etdirdiler. 13Ysraýyllar güýçlenenden soňra, kenganlary özleri üçin mejbury iş edýänlere öwürdiler. Emma olary bütinleý kowup çykarmadylar.

Efraýym we manaşa tireleri ýer soraýarlar

14 Ýusubyň nesilleri Ýeşuwa: «Näme üçin sen bize bir bije paý we bir mülk ýer berýärsiň? Biziň bolsa adam sanymyz köp, bizi Reb ýalkady» diýdiler. 15Ýeşuwa olara: «Eger siziň adam sanyňyz köp bolsa we Efraýym daglyklary size darlyk edýän bolsa, onda tokaýlara gidiň-de, şol ýerde perizleriň we rapalaryň ýerinden özüňize ýer açyň» diýdi. 16Ýusubyň nesilleri oňa: «Bu daglyk meýdanlar biziň üçin ýeterlik däl. Düzlükde ýaşaýan ähli kenganlaryň, şeýle hem, Beýtşeýanda, onuň obalarynda we Ýizregel jülgesinde ýaşaýanlaryň demir söweş arabalary bar» diýdiler. 17Soňra Ýeşuwa Ýusubyň nesilleri bolan manaşalara we efraýymlara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz köp sanly we sizde uly güýç bar, şonuň üçin hem size diňe bir bije paý berip goýmaly däldir. 18Daglyk meýdanlar siziňki bolar. Ol ýer tokaýlyk bolsa-da, siz ony arassalasaňyz, onuň daşky serhetlerine çenli siziňki bolar. Kenganlaryň demir söweş arabalary bar bolsa-da, güýçli bolsalar-da, siz olary kowup çykarmagy başararsyňyz».
Copyright information for TukLat16