Joshua 18
Galan ýerleriň paýlanylyşy
1Tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda ýygnanyşdy we ol ýerde Rebbe ýüz tutulýan çadyr guruldy. Çünki ähli ýerler ysraýyllara tabyn bolupdy. 2Entek ysraýyllardan öz mülk ýerini almadyk ýene-de ýedi tire galypdy. 3Şonuň üçin hem Ýeşuwa olara şeýle diýdi: «Siz haçana çenli ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize beren ýerlerini almaga biperwaý garap gezjeksiňiz? 4Her tireden üç adamy saýlaň, men olary ýerlere aýlanmaga iberjek, olar her tirä ýetýän mülk ýeri ýazga geçirsinler-de, meniň ýanyma alyp gelsinler. 5Ýerleri mülk paýyny almadyk ýedi tiräniň arasynda bölsünler. Ýahudalar öz öňki ýerinde günortada galar, Ýusubyň nesilleri bolsa demirgazykdaky ýerinde galar. 6Mülk ýeriň ýedi bölegini hem ýazga geçiriň-de, maňa getirip beriň. Men şu ýerde Hudaýymyz Rebbiň huzurynda siziň üçin bije ataryn. 7Siziň araňyzda lewileriň paýy ýokdur, sebäbi olaryň paýy Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmekdir. Gatlar, rubenler we manaşa tiresiniň ýarysy eýýäm öz mülk ýerlerini Iordan derýasynyň gündogaryndan aldylar. Bu ýerleri olara Rebbiň guly Musa beripdi». 8Şeýdip, adamlar ýola düşdüler. Ýeşuwa ýerleri öwrenmäge gidýän ol adamlara şeýle buýruk berdi: «Ähli ýerleri aýlanyp çykyň we ony ýazga geçiriň-de, yzyňyza meniň ýanyma geliň. Men bu ýerde Şiloda Rebbiň huzurynda siziň üçin bije atjakdyryn». 9Şeýlelikde, adamlar ýerleriň içinden geçip, olary galama-gala ýedi bölege bölüp, gözden geçiriş kitabyna ýazdylar. Soňra olar Şilodaky düşelgä – Ýeşuwanyň ýanyna gaýdyp geldiler. 10Ol ýerde Ýeşuwa Rebbiň huzurynda bije atyp, ýerleri ysraýyllaryň tirelerine özleriniň bölüşleri ýaly paýlady.Benýamin tiresiniň mülk ýeri
11Ilkinji bolup, benýamin tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň bijesine düşen paý ýahudalar bilen Ýusup nesilleriniň aralygyndaky ýerler boldy. 12Olaryň araçäginiň demirgazyk tarapy Iordan derýasyndan başlanýar, soň araçäk demirgazykda Ýeriho gerşine çykyp, daglyklaryň üsti bilen günbatar tarapa öwrülip, Beýtawen çöllüginde gutarýar. 13Bu ýerden araçäk ilerligine Luzuň (bu öňki Beýtel) günorta gerşine çenli gelýär. Soňra aşaky Beýthoronyň günortasyndaky daglykdan Atarotaddara düşýär. 14Soňra ol ýerden aýlanyp, daglaryň günbatar tarapyna öwrülýär, ýahudalara degişli bolan Kirýatbagala (öňki Kirýatýegarym) gelýär. Bu olaryň günbatar tarapynyň araçägidir. 15Günorta araçäk Kirýatýegarymyň çetinden başlap, Neptowa çeşmesine çenli gelip ýetýär. 16Soňra araçäk Benhinnom deresiniň ýanyndaky daglaryň etegine çenli aşak düşüp, Rapa deresine gelýär. Ol demirgazyga Hinnom deresine tarap aşak dowam edip, ýabuslaryň galasynyň günorta eňňidi bilen Eýnrogele baryp ýetýär. 17Indi bolsa araçäk demirgazykdan aýlanyp, Eýnşemeşe gelýär. Soňra Adummym geçidiniň garşysyndaky Geliloda çenli uzalyp, Ruben ogly Bohanyň daşyna tarap aşak düşýär. 18Soňra Beýtarabanyň demirgazyk eňňidi bilen geçip, Araba düzlügine tarap aşak düşýär. 19Araçäk Beýthoglanyň demirgazygy bilen gidip, Öli deňziň demirgazyk aýlagynda we günortada Iordanyň çetinde gutarýar. Bu olaryň günorta araçägi bolupdyr. 20Olaryň gündogar araçägi Iordan bolupdyr. Bu benýamin tiresiniň uruglary boýunça ähli taraplaýyn araçäklenen mülk ýerleri bolupdyr. 21Ine, bular bolsa benýamin tiresiniň uruglary boýunça alan galalary: Ýeriho, Beýthogla, Emekkesis, 22Beýtaraba, Samaraýym, Beýtel, 23Awym, Para, Opra, 24Kepar-ammony, Opny, Geba – obalary bilen bile jemi on iki gala. 25Gibgon, Rama, Beýerot, 26Mispa, Kepira, Mosa, 27Rekem, Ýirpeýel, Tarala, 28Sela, Haýelep, Ýabus galasy (bu – Iýerusalim), Gibga we Kirýatýegarym – obalary bilen bile on dört gala. Bu benýamin tiresiniň öz uruglaryna görä alan mülk ýeridir.
Copyright information for
TukLat16