Joshua 23
Ýeşuwanyň hoşlaşyk sözi
1 Rebbiň ysraýyllara daş-töweregindäki ähli duşmanlaryndan parahatçylyk bereninden bäri köp wagt geçipdi we Ýeşuwanyň hem ýaşy birçene baryp, gojalyk ýaşyna ýetipdi. 2Ýeşuwa ähli ysraýyllary, olaryň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Indi meniň köpüm geçip, azym galdy. 3Hudaýyňyz Rebbiň siziň bähbidiňiz üçin bu milletleriň baryny nähili güne salandygyna özüňiz gözli şaýatsyňyz. Siziň üçin söweşen Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir. 4Ýadyňyzdadyr, men bu milletleriň we basyp alan beýleki milletlerimiň ähli ýerlerini, Iordan derýasyndan Ortaýer deňziniň günbataryna çenli bolan aralygy siziň tireleriňize bije boýunça mülk edip paýlap berdim. 5Hudaýyňyz Rebbiň Özi olary yza serpikdirip, siziň öňüňizden kowup çykarar. Hudaýyňyz Rebbiň size söz berşi ýaly, siz olaryň ýerlerini eýelärsiňiz. 6Şonuň üçin hem Musanyň Kanun kitabyndaky ýazylanlaryň baryna boýun egip, ony doly ýerine ýetirmekde örän mert duruň. Ondan hiç ýana sowulmaň. 7Araňyzda galyp, ýaşap ýören bu gelmişek milletler bilen garyşmaň, olaryň hudaýlarynyň atlaryny agzamaň, olaryň adyndan ant içmäň, olara gulluk edip, sežde etmäň. 8Diňe şu günki bolşuňyz ýaly, Hudaýyňyz Rebbe bil baglaň. 9Reb siziň öňüňizden beýik we güýçli milletleri kowup çykardy, şu wagta çenli olaryň ýekejesi hem siziň öňüňizde durup bilmedi. 10Siziň biriňiz olaryň müňüsini gaçyrdyňyz, sebäbi Hudaýyňyz Reb edil söz berşi ýaly, siziň tarapyňyzda söweşdi. 11Şonuň üçin hem siz Hudaýyňyz Rebbi jan-tenden söýüň. 12Emma siz Rebden ýüz öwrüp, araňyzda diri galan beýleki milletlere goşulsaňyz, olar bilen gyz alşyp-berşip, garyndaşlyk açsaňyz, 13onda şuny bilip goýuň, çünki siziň Hudaýyňyz Reb şondan soň ol milletleri siziň öňüňizden kowup çykarmaz. Tersine, olar size duzak we tor bolarlar, tä Hudaýyňyz Rebbiň beren bu gowy ýerinden aýrylyp ýok bolýançaňyz, arkaňyzy gamçylap, gözüňize tiken bolup dürtülerler. 14Ine, görşüňiz ýaly, meniň sanalgym doldy. Hudaýyňyz Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmandygyny siziň hut özüňiz mese-mälim bilýäňiz. Onuň her bir sözi amala aşdy, ýekejesi hem hakykata öwrülmän galmady. 15Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň her bir ajaýyp wadasynyň hakykata öwrülişi dek, Özüniň beren oňat ýerinden sizi ýok edýänçä, başyňyzdan bela-beterleri-de inderer. 16Eger-de siz özüňize berjaý etmek üçin berlen Hudaýyňyz Rebbiň ähtini bozsaňyz we başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde etseňiz, onda Rebbiň gahar-gazaby siziň garşyňyza tutaşar. Siz Rebbiň beren bu oňat ýerinde şobada heläk bolarsyňyz».
Copyright information for
TukLat16