‏ Joshua 3

Ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýärler

1Ýeşuwa we ähli ysraýyllar ir bilen turup, Şitimden çykyp ugradylar. Iordan derýasyndan geçmezden öňürti, olar gijäni geçirmek üçin onuň kenarynda düşlediler. 2Üç günden soň ýolbaşçylar düşelgäniň içinden geçip, 3halka şeýle buýruk berdiler: «Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryny gören badyňyza, öz düşelgäňiziň daşyna çykyp, olaryň yzyna düşüň. 4Çünki siz öň bu ýoldan ýöräp görmändiňiz, olar size nirä gitmelidigini görkezerler. Olaryň yzy bilen ýöräň, emma gaty golaý barmaň, olar bilen araňyz iki müň tirsek bolsun».

5Ýeşuwa halka ýüzlenip: «Iniňizi tämizläň, sebäbi ertir Reb siziň araňyzda gudrat görkezip başlar» diýdi. 6Soňra Ýeşuwa ruhanylara Äht sandygyny eginlerine göterip, halkyň öňünden ýöremegi buýurdy. Olar aýdylyşy ýaly etdiler. 7Reb Ýeşuwa: «Şu gün Men seni ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda beýgeltjek, goý, olar Meniň Musa bilen bile bolşum ýaly, seniň bilen hem bile bolýandygymy bilsinler. 8Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasyna çala girip, aýaklary suwa degen badyna, sen olara durmaklygy buýur» diýdi.

9Ýeşuwa ysraýyllara ýüzlenip: «Bäri geliň-de, öz Hudaýyňyz Rebbiň sözlerine gulak salyň» diýip, olary çagyrdy. 10Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaýyňyz siziň öňüňizden şu halklary: kenganlary, hetleri, hiwileri, perizleri, girgaşlary, amorlary we ýabuslary kowup çykarjakdyr. Onuň şu etjek işlerinden siz diri Hudaýyň öz araňyzdadygyny bilersiňiz. 11Ine, bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň Äht sandygy siziň öňüňizden Iordan derýasyndan geçer. 12Şunlukda, siz Ysraýylyň on iki tiresiniň hersinden bir adamy saýlaň. 13Bütin ýer ýüzüniň Taňrysy Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň aýaklary Iordan derýasynyň suwuna degen badyna, ýokardan akýan suwlar kesilip, edil diwar ýaly bolup durar».

14Şeýlelikde, adamlar çadyrlaryny ýygnap, Iordan derýasyndan geçmek üçin ugradylar, Äht sandygyny göterýän ruhanylar olaryň öňlerine düşdüler. 15Şol wagty bugdaý oragy döwri bolansoň Iordan derýasynyň suwy joşup, ähli kenarlary bilen dolup-daşýardy. Muňa garamazdan, Äht sandygyny göterýän ruhanylar derýanyň gyrasyna gelip, aýaklaryny suwa degren badyna, 16derýanyň akymy togtady. Onsoň suwlar olardan uzakdaky Saretanyň golaýynda ýerleşýän Adama galasynyň deňinde ýygnanyp, bir üýşmek bolup durdy. Şeýle hem, Araba deňzine, ýagny Öli deňze gelip guýýan suwlaryň akmasy bütinleý kesildi. Adamlar derýadan Ýeriho tarap geçdiler. 17Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular. Şeýdip, tutuş ysraýyl halky gury ýerden geçdi.
Copyright information for TukLat16