‏ Joshua 12

Musanyň basyp alan hanlary

1Ine, ysraýyllaryň ýeňip alan ýerleriniň hanlary şulardyr. Ysraýyllar Iordan derýasynyň aňyrsyndaky gündogar tarapa uzalyp gidýän Arnon jülgesinden Hermon dagyna çenli bolan ýerleri we tutuş Araba düzlüginiň gündogar tarapyny basyp aldylar. 2Hanlaryň biri Heşbonda ýaşan amor hany Sihondy. Onuň hanlygy Gilgadyň ýarysy we Arnon jülgesiniň ýakasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky galadan tä ammonlaryň araçägi bolan Ýabok derýasyna çenli aralygy öz içine alýardy. 3Şeýle hem, ol Kinneret kölünden Araba deňzine, ýagny Öli deňze çenli bolan ýerlere, Araba düzlüginiň gündogarynda Beýtýeşimoda çenli barýan ýerlere we günbatarda Pisga dagynyň etegindäki ýerlere eýelik edýärdi. 4Beýleki han Başan hany Ogdy. Ol Aştarotda we Edreýde ýaşap, rapalaryň iň soňkularynyň biridi. 5Onuň hanlygyna Hermon dagy, Salka, bütin Başandan Geşuryň we Magakadyň araçäklerine çenli, Gilgadyň ýarysy, heşbon hany Sihonyň meýdanynyň araçägine çenli ýerler girýär. 6Rebbiň guly Musa we ysraýyllar olaryň hemmesini basyp aldylar. Musa olaryň ähli ýerlerini rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň eýeçiligine berdi.

Ýeşuwanyň basyp alan hanlary

7Ýeşuwa we ysraýyllar Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli hanlary, Liwan jülgesindäki Bagalgatdan Segir bilen ýanaşyk Halak dagyna çenli ýerleri basyp aldylar. Ýeşuwa ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça mülk edip paýlap berdi. 8Daglykda, baýyrlykda, Araba düzlüginde, dag eteklerinde, çöllükde we Negep çölünde ýaşaýan hetleriň, amorlaryň, kenganlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýerlerini ysraýyllara mülk edip berdi. 9Ine, Ýeşuwa we ysraýyllar şu galalaryň hanlaryny: Ýerihonyň, Beýteliň golaýyndaky Aýyň, 10Iýerusalimiň, Hebronyň, 11Ýarmudyň, Lakyşyň, 12Eglonyň, Gezeriň, 13Debiriň, Gederiň, 14Hormanyň, Aradyň, 15Libnanyň, Adullamyň, 16Makedanyň, Beýteliň, 17Tapuwanyň, Heperiň, 18Apegiň, Laşaronyň, 19Madonyň, Hasoryň, 20Şimronmeronyň, Akşabyň, 21Tagnagyň, Megidonyň, 22Kedeşiň, Karmeldäki Ýoknegamyň, 23Napotdoryň ýanyndaky Doruň, Jeliledäki Goýymyň we 24Tirsanyň – jemi otuz bir hany basyp aldylar.
Copyright information for TukLat16