Joshua 13
Ysraýyllaryň indiki basyp almaly ýerleri
1Ýeşuwa garrap, gojalyk ýaşyna ýetende, Reb oňa şeýle diýdi: «Indi sen örän garradyň, emma basylyp alynmaly ýerler entek gaty kän. 2Şol basylyp alynmaly ýerler şulardyr: piliştlileriň, geşurlaryň ähli ýerleri, 3günortada ýaşaýan awalar, Müsüriň gündogaryndaky Şihor derýasyndan demirgazyk Ekronyň araçägine çenli ýerler. Bu ýerler kenganlaryň ýerleri hasaplanýar. Şeýle hem, oňa piliştlileriň bäş galasy: Gaza, Aşdot, Aşkelon, Gat we Ekron degişlidir. 4Şeýle-de kenganlaryň tutuş ýeri, sidonlylara degişli Megary bilen amorlaryň araçägi Apege çenli bolan ýerler. 5Geballylaryň ýerleri, bütin gündogar Liwan, Hermon dagyna golaý ýerleşen Bagalgatdan tä Lebohamat girelgesine çenli bolan ýerler. 6– 7Liwandan Misrepot Maýyma çenli ähli daglyklar we olaryň ähli ilaty, hatda sidonlylaryň ählisi hem degişlidir. Olary ysraýyllaryň öňünden Meniň Özüm kowup çykararyn. Ýöne sen bu ýerleriň hemmesini Meniň buýruşym ýaly, bije atyp, ysraýyllaryň dokuz tiresine we günbatardaky manaşa tiresine mülk edip paýlap ber».Iordanyň gündogaryndaky ýerler
8Rebbiň guly Musanyň rubenlere, gatlara we manaşa tiresiniň ýarysyna Iordan derýasynyň gündogaryndan beren mülk ýerleri şulardyr: 9Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky gala hem-de tutuş Meýdeba tekizliginden Dibona çenli bolan ýerler. 10Şeýle hem, Heşbonda hökümdarlyk eden amor hany Sihonyň ähli galalaryndan tä ammonlaryň araçägine çenli bolan ýerler. 11Gilgat, Geşur, Magakat topragy, tutuş Hermon dagy we bütin Başandan tä Salka çenli bolan ýerler; 12Aştarotda we Edreýde hökümdarlyk eden Başan hany Oguň ähli hanlygy degişlidir (Og han rapalaryň iň soňkularynyň biridi). Musa bulary derbi-dagyn edip, ýerlerinden kowup çykarypdy. 13Emma ysraýyllar Geşuryň we Magakadyň ilatyny ýurtlaryndan kowup çykarmadylar. Olar şu güne çenli hem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýarlar. 14Musa diňe lewi tiresine mülk bermedi. Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, lewileriň mirasy Ysraýyl Hudaýy Reb üçin ot üsti bilen berilýän gurbanlyklardyr.Ruben tiresiniň mülk ýeri
15 Musa ruben tiresine onuň uruglaryna görä mülk ýer beripdi. 16Olaryň ýeriniň tutýan meýdany Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden, jülgäniň ortasyndaky galadan we bütin Meýdeba tekizliginden ybaratdyr. 17Şeýle hem, Heşbon galasy we tekizlikdäki ähli galalar: Dibon, Bamotbagal we Beýtbagal-megon, 18Ýahsa, Kedemot we Meýpagat, 19Kirýataýym, Sibma we jülgäniň depesindäki Seretşahar, 20Beýtpegor, Pisga dagynyň etegi we Beýtýeşimot hem şol araçäge degişlidir. 21Ruben tiresiniň mülküne Heşbonda hökümdarlyk eden amor hany Sihonyň tekizlikdäki ähli galalary we hanlygy degişlidir. Musa Sihony we ýurdunda ýaşap, onuň tarapdary bolan Midýan hanlaryny: Ewini, Rekemi, Sury, Hury we Rebany basyp aldy. 22Ysraýyllar öz öldüren adamlarynyň arasynda Begor ogly Bilgamy hem gylyç bilen öldürdiler, ol palçylyk bilen meşgullanýardy. 23Rubenleriň araçägi Iordan derýasynyň kenary bolupdyr. Bu rubenleriň uruglaryna görä galalary we obalary bilen birlikde alan mülk ýerleri bolupdyr.Gat tiresiniň mülk ýeri
24Ine, Musanyň gat tiresine onuň uruglaryna görä beren mülk ýerleri: 25Ýazer galasy, Gilgadyň ähli galalary we ammonlaryň ýurdunyň ýarysy, Rabanyň gündogaryndaky Arogere çenli; 26Heşbondan Ramatmispä we Betonyma çenli, Mahanaýymdan Debiriň araçägine çenli; 27Beýtharam deresi, Beýtnimra we Sukot, Sapon, heşbon hany Sihonyň hanlygynyň galan bölegi. Onuň günbatar araçägi Iordandan Kinneret deňzine çenli bolupdyr. 28Ine, gatlaryň uruglaryna görä galalary we obalary bilen birlikde alan mülk ýerleri şulardyr.Gündogardaky manaşa tiresiniň mülk ýeri
29 Musa gündogardaky manaşa tiresine onuň aýry-aýry uruglaryna görä ýer paýlap beripdi. 30Olaryň tutýan ýerleri Mahanaýym, tutuş Başan, Başan hany Oguň ähli hanlygy, Ýaýyryň ähli galalary – jemi altmyş gala; 31Gilgadyň ýarysy, Aştarot we Edreý (Başan hany Oguň hanlyk eden galalary). Bular Manaşanyň ogly Makyryň nesilleri üçin olaryň uruglary boýunça berlen paý boldy. 32Ine, şular Musanyň Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Mowap düzlüginde, Ýerihonyň gündogarynda paýlan mülk ýerleridir. 33Emma Musa lewi tiresine mülk bermedi. Söz berşi ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Özi olaryň mülküdir.
Copyright information for
TukLat16