Joshua 16
Efraýym bilen günbatardaky manaşa tireleriniň mülk ýeri
1 Ýusubyň nesilleriniň paýyna bije boýunça Ýerihonyň golaýyndaky Iordandan Ýeriho çeşmesiniň gündogaryna çenli bolan ýerler we Ýerihodan başlanyp, Beýtel daglygyna uzalyp gidýän çöllük düşdi. 2Araçäk Beýtelden Luza çykyp, Atarotda ýaşaýan arklaryň ýerine çenli barýar. 3Soňra ol günbatara tarap aşak düşüp, ýapletleriň araçägine, aşaky Beýthoronyň we Gezeriň araçägine çenli gelip, deňizde tamamlanýar. 4Şeýlelikde, manaşa tiresiniň ýarysy we efraýym tiresi mülk ýerlerini aldylar.Efraýym tiresiniň mülk ýeri
5Efraýymlaryň uruglaryna görä alan ýerleriniň araçägi şular bolupdyr: olaryň mülk ýerleriniň gündogar araçägi Atarotaddar bolup, ol ýokarky Beýthorona çenli barýar. 6Ol ýerden araçäk Ortaýer deňzi bilen dowam edip, Mikmetadyň demirgazygyna gelýär we Tanatşylonyň gündogar tarapyna öwrülip, Ýanowanyň gündogaryndan geçýär. 7Ýanowadan Atarotaddara we Nagara çenli aşak düşüp, Ýeriho birigip, Iordana baryp ýetýär. 8Araçäk Tapuwadan çykyp, günbatara Kana jülgesine tarap uzalyp gidýär-de, Ortaýer deňzine ýetip gutarýar. Ine, efraýym ýarym tiresine olaryň uruglaryna görä berlen ýerler şulardan ybarat. 9Efraýym nesillerine bular bilen birlikde manaşalara degişli bolan galalardyr obalar hem bölünip berildi. 10Efraýymlar Gezerde ýaşaýan kenganlary kowup çykarmadylar. Kenganlar şu günler hem efraýymlaryň işini etmäge mejbur edilip, olaryň arasynda ýaşap ýörler.
Copyright information for
TukLat16