Joshua 21
Lewilere berlen galalar
1Lewi tiresiniň ýolbaşçylary Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ähli Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň ýanyna geldiler. 2Lewiler Kengan ýurdunyň Şilo galasyna gelip, olara: «Reb bize ýaşamak üçin galalar we iri şahly mallarymyz üçin öri meýdanlar bermegi Musa arkaly buýrupdy» diýdiler. 3Şeýlelikde, Rebbiň buýrugy boýunça ysraýyllar lewilere öz mülk ýerlerinden şu aşakdaky galalary we öri meýdanlaryny berdiler. 4Ilkinji kohat urugynyň bijesi çykdy. Lewilerden bolan Harun ruhanynyň nesillerine bije boýunça ýahuda, şimgon we benýamin tirelerinden saýlanyp, on üç gala berildi. 5Beýleki galan kohat urugyna bije boýunça efraýym, dan tirelerinden we günbatardaky manaşa tiresinden on gala berildi. 6Gerşon urugy hem bije atyşykda ysakar, aşer, naftaly tirelerinden we Başandaky manaşa tiresinden özlerine on üç gala aldylar. 7Merary urugy özlerine ruben, gat we zebulun tirelerinden on iki gala aldylar. 8Şeýlelikde, ysraýyllar Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, bu galalary öri meýdanlary bilen birlikde lewilere bije boýunça paýlap berdiler. 9– 10Ysraýyllar lewilerden bolan kohat urugyndan Harunyň nesillerine ýahuda we şimgon tireleriniň haýsy galalaryny bermelidigini kesgitlediler, sebäbi olaryň bijesi birinji çykypdy. 11Ysraýyllar olara Kirýatarbany (Arba Anagyň kakasydy) beripdirler. Bu Ýahuda daglygyndaky Hebron galasy bolupdyr, onuň daş-töweregini öri meýdan tutýar. 12Emma galanyň ýakynyndaky açyk meýdanlaryny we onuň obalaryny bolsa Ýepunne ogly Kalep mülk ýer hökmünde alypdy. 13Harun ruhanynyň nesillerine ganhorlar üçin gaçybatalga bolan Hebron galasyny we Libnany, 14Ýatyry, Eştemowany, 15Holony, Debiri, 16Aýyny, Ýutany, Beýtşemeşi, olaryň her biriniň öri meýdanlary bilen bile bu iki tireden jemi dokuz gala berdiler. 17Olar benýamin tiresinden hem şu galalary aldylar: Gibgony, Gebany, 18Anatody we Almony, olaryň hersiniň öri meýdanlary bilen bile jemi dört gala. 19Şu sanalan on üç gala öri meýdanlary bilen bile Harun ruhanynyň nesillerine berildi. 20Lewileriň kohat nesliniň galan bölegi bije boýunça efraýym tiresinden galalar aldylar. 21Olar ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Efraýym daglygyndaky Şekem galasyny, şeýle hem Gezeri, 22Kibsaýymy, Beýthorony öri meýdanlary bilen bile olara berdiler. Bular jemi dört galadyr. 23Olar dan tiresinden Elteke, Gibeton, 24Aýalon we Gatrimmon galalaryny öri meýdanlary bilen bile aldylar. Bular jemi dört galadyr. 25Olara günbatardaky manaşa tiresinden şu galalary: Tagnagy, Gatrimmony – jemi iki galany öri meýdanlary bilen bile berdiler. 26Şu ýokarda sanalan on gala, öri meýdanlary bilen birlikde kohat nesilleriniň galan bölegine berildi. 27Lewileriň gerşon urugyna gündogardaky manaşa tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan Başandaky Golan galasy we Beýeşterag – jemi iki gala, olaryň öri meýdanlary bilen bile berildi. 28Ysakar tiresinden bolsa olara Kişýon, Daberat, 29Ýarmut, Eýngannym galalaryny – jemi dört galany olaryň öri meýdanlary bilen bile aldylar. 30Aşer tiresinden olara Mişal, Abdon, 31Helkat we Rehop galalary – jemi dört gala hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi. 32Olara naftaly tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Jeliledäki Kedeş galasy, şeýle hem Hammotdor, Kartan galalary – jemi üç gala öri meýdanlary bilen bile berildi. 33Şu sanalan on üç gala, olaryň öri meýdanlary bilen birlikde gerşon urugyna berildi. 34 Lewileriň galan merary urugyna bolsa zebulun tiresinden galalar berildi. Olara Ýoknegam, Korta, 35Rimmon, Nahalal galalary – jemi dört gala hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi. 36Ruben tiresinden olara Beser, Ýahsa, 37Kedemot, Meýpagat galalary – jemi dört gala hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi. 38Gat tiresinden olara ganhorlara gaçybatalga edilip bellenen Gilgatdaky Ramot galasy we Mahanaýym, 39Heşbon, Ýazer galalary öri meýdanlary bilen bile berildi. Bular jemi dört galadyr. 40Şeýlelikde, lewileriň galan merary urugynyň paýyna bije boýunça jemi on iki gala düşdi. 41Ysraýyllardan lewilere mülk hökmünde berlen galalaryň jemi öri meýdanlary bilen birlikde kyrk sekiz boldy. 42Şol galalaryň her biriniň daş-töweregini öri meýdan gurşap alýardy. Öri meýdansyz ýekeje-de gala ýokdy. 43Ine, Reb ysraýyllaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýeriniň ählisini olara berdi. Olar bu ýerleri eýeläp, ol ýerde ýaşadylar. 44Reb olaryň ata-babalaryna söz berşi ýaly, olara ähli tarapdan parahatçylyk berdi. Olaryň duşmanlarynyň ýekejesi hem olaryň öňünde durup bilmedi. Reb olaryň duşmanlaryny öz ellerine berdi. 45Rebbiň Ysraýyl nesillerine beren ajaýyp wadalaryndan ýekeje sözi hem ýerine ýetmän galmady. Olaryň ählisi hakykat ýüzünde berjaý boldy.
Copyright information for
TukLat16