Joshua 5
1Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň ony guradandygyny eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.Ysraýyllar Gilgalda sünnetlenýärler
2Şol wagt Reb Ýeşuwa: «Çakmak daşyndan pyçaklar ýasa we öň ysraýyllaryň ata-babalarynyň sünnetlenişi ýaly, bulary hem sünnetle» diýdi. 3Şeýlelikde, Ýeşuwa özüne aýdylyşy ýaly etdi we sünnet edilýän ýer Gibegat Haralot ▼▼Gibegat Haralot – bu söz pürçük kesilýän baýyrlyk diýmegi aňladýar.
diýlip atlandyryldy. 4Ýeşuwanyň ysraýyllary näme üçin sünnetländiginiň sebäbi şudur: Müsürden çykyp gaýdan, söweş ýaşyna ýeten ähli erkekler ýöriş edenlerinde ýolda, çölde öldüler. 5Müsürden çykan şol erkekleriň hemmesi sünnetlenendi, emma soňra çölde doglan oglanlar sünnetlenmedikdiler. 6Ysraýyl halky kyrk ýyllap çölde sergezdan gezdi. Müsürden çykan urşujylaryň hemmesi öldi, çünki olar Rebbiň sözüne gulak asmandylar. Ata-babalaryna ant içip, söz beren süýt we bal akýan ýurdy Reb olara görkezmejekdigine kasam etdi. 7Şol adamlaryň ogullary ösüp kemala geldi, emma olar sünnetlenmändiler, ine, şol sebäpli Ýeşuwa olary sünnetledi. 8Halkyň ähli erkekleri sünnetlenenden soň tä gutulýançalar düşelgede galdylar. 9Soňra Reb Ýeşuwa: «Bu gün Men sizden Müsür gulçulyk ryswasyny aýryp taşladym» diýdi. (Şol ýer häzirki güne çenli hem Gilgal ▼▼Ýewreýçe Gilgal we aýryp taşladym diýen sözleriň aýdylyşy meňzeşdir.
diýlip atlandyrylýar). 10Aýyň on dördi güni agşam ysraýyllar Ýeriho düzlügindäki Gilgalda düşlänlerinde Pesah baýramyny bellediler. 11Ertesi gün olar Kenganyň hasylyndan birinji gezek petir we gowurga iýdiler. 12Olar bu ýurduň önümlerinden birinji gezek iýen gününiň ertesi mannanyň ▼▼Manna – çölde Hudaý tarapyndan ysraýyllara berlen üýtgeşik iýmit. Msr 16:15-e we sözlüge seret.
ýagmasy galdy. Ysraýyllar şondan soň manna ýaganyny görmediler. Olar şol ýyl Kengan ýurdunda bitýän iýmitlerden iýdiler. Ýeşuwa we gylyçly adam
13Ýeşuwa Ýeriho galasyna golaý baryp, başyny galdyryp seredende, onuň eli syrma gylyçly duran bir adama gözi düşdi. Ýeşuwa onuň ýanyna baryp: «Sen hem biziňkileriň birimiň ýa-da duşmanmysyň?» diýip sorady. 14Ol adam: «Hijisi hem däl. Men Rebbiň gökdäki goşunynyň serkerdesi, ýaňyja geldim» diýip jogap berdi. Ýeşuwa ýere ýüzin düşüp sežde etdi we oňa: «Agam, sadyk guluňa näme hyzmat?» diýip sorady. 15Rebbiň goşunynyň serkerdesi oňa: «Çarygyňy çykar, çünki seniň duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr!» diýdi. Ýeşuwa aýdylyşy ýaly etdi. 16Şol wagty Ýerihonyň derwezeleri ysraýyllardan gorkýandyklary üçin gulply goralyp saklanýardy. Hiç kim ol ýere girip-de, çykyp-da bilmeýärdi.
Copyright information for
TukLat16