Joshua 8
Ysraýyllar Aý galasyny weýran edýärler
1Soňra Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: «Hiç zatdan gorkma we dowla düşme. Öz urşujylaryňyň ählisini al-da, göni Aý galasyna ýöriş et. Görýäňmi, Men Aý galasyny, onuň hanyny, adamlaryny we ýerini seniň eliňe berjekdirin. 2Sen Ýeriho galasy bilen onuň hanyny näme eden bolsaň, Aý galasy bilen onuň hanyny hem şonuň ýaly et. Ýöne ondan olja alan zatlaryňyzy we mal-garalaryňyzy öz araňyzda paýlaşyň. Duýdansyz çozmaga taýýar bolup, bir bölegiňiz galanyň ýeňsesinde bukuda oturyň». 3Ýeşuwa we ähli goşun Aý galasyna gitmek üçin ýerlerinden turdular, Ýeşuwa olaryň arasyndan otuz müň sany edermen urşujyny saýlap alyp, olary gije ugratdy. 4Ýeşuwa olara şeýle buýruk berdi: «Siz galanyň arka tarapynda, onuň ýeňsesinde bukuda oturarsyňyz. Galadan gaty uzaga gitmäň we hemmäňiz taýýar bolup duruň. 5Men ýanymdaky ýoldaşlarym bilen gala golaý bararys. Şol wagt Aýyň ýaşaýjylary edil öňki gezekki ýaly biziň garşymyza çykyp ugrarlar welin, biz olardan gaçyp başlarys. 6Olar biziň yzymyzdan kowalap gaýdarlar. Biz olaryň ünsüni galadan sowarys, sebäbi olar bizi edil öňki gezekki ýaly, özlerinden gaçýandyrlar öýderler. Biz olardan gaçýan mahalymyz, 7siz bukudan çykyp, galany eýeläň. Çünki Hudaýyňyz Reb bu galany siziň eliňize berjekdir. 8Galany eýeläniňizde, Rebbiň buýruşy ýaly, ony otlaň. Hut meniň tabşyryşym ýaly ediň!» 9Şeýlelikde, Ýeşuwa olary ugratdy. Olar bukuda oturmak üçin gitdiler. Olar Aý galasynyň günbatar tarapynda, Beýtel bilen Aýyň aralygynda ýerleşdiler, emma Ýeşuwa galan adamlar bilen gijäni düşelgede geçirdi. 10Ýeşuwa ertesi irden turup, adamlaryň hemmesini ýygnady. Ol Ysraýyl ýaşululary bilen goşunyň öňüne düşüp, Aý galasyna tarap ugrady. 11Onuň bilen bile urşujylaryň ählisi gitdi, olar galanyň esasy girelgesine golaýlaşdylar. Olar Aýyň demirgazyk tarapyndan gelip düşlediler. Indi olar bilen Aý galasynyň arasynda diňe jülge bardy. 12Soňra Ýeşuwa bäş müňe golaý adamy galanyň günbatarynda, Beýtel bilen Aýyň aralygynda bukuda oturtdy. 13Goşunyň agramly bölegi galanyň demirgazygynda, galan bölegi günbatarynda ýerleşdi. Ýeşuwa bolsa şol gijäni jülgede geçirdi. 14Bu zatlary görende Aý galasynyň hany we onuň ähli adamlary çalt hereket etdiler. Galanyň hany erkek adamlary bilen bile irden turup, şol wagtyň özünde Araba düzlüginiň öňüne, ysraýyllar bilen söweşmäge öňki ýere çykdy. Emma özi üçin galanyň ýeňsesinde duzak gurlandygyndan Aýyň hanynyň habary ýokdy. 15Ýeşuwa we ähli ysraýyllar, hamala, olardan ýeňilýän ýaly bolup, çöle tarap gaçdylar. 16Olaryň yzyndan kowmak üçin galadaky ähli erkek adamlar çagyryldy. Olaryň hemmesi birigip, Ýeşuwanyň we onuň goşunynyň yzyndan kowalap, galadan daşlaşdylar. 17Aýda we Beýtelde ysraýyllaryň yzyndan kowalamadyk ýekeje-de erkek adam galmady. Şeýdip, olar öz galasyny goragsyz, alaň-açyk galdyrdylar. 18Şonda Reb Ýeşuwa: «Eliňdäki naýzany Aý galasyna tarap uzat, sebäbi Men ony seniň eliňe berjek» diýdi. Şeýlelikde, Ýeşuwa elindäki naýzasyny gala tarap uzatdy. 19Ol elini uzadan badyna, bukuda oturanlar çalasynlyk bilen oturan ýerlerinden çykyp, gala tarap okduryldylar. Olar galany eýeläp, derrew ony oda berdiler. 20Aý galasynyň adamlary yzlaryna seredende, galanyň tüssesiniň al-asmana galandygyny gördüler. Olaryň aňry hem, bäri hem gaçara ýeri ýokdy. Sebäbi çöle gaçyp barýan ysraýyllar hem kowguçylara garşy öwrülipdiler. 21Ýeşuwa we ähli ysraýyllar bukuda oturanlaryň galany eýeländiklerini we galanyň tüssesiniň asmana galandygyny görüp, yzlaryna dolandylar we Aýyň adamlaryny gyrmaga başladylar. 22Galany eýelän goşun duşmanyň öňünden çykyp, olary ysraýyllaryň ortalygynda galar ýaly edip, ähli tarapdan gabadylar-da, bir adamy hem diri galdyrman ýa-da gaçyrman, baryny gyrdylar. 23Diňe Aý galasynyň hanyny diri tutup, ony Ýeşuwanyň ýanyna getirdiler. 24Ysraýyllar Aý galasynyň ähli ilatyny olaryň özlerini kowalap elten ýerinde gyrdylar. Olaryň iň soňkusy öldürilenden soň, ähli ysraýyllar Aý galasyna tarap öwrüldiler we ol ýerdäkileri gylyç bilen weýran etdiler. 25Tutuş Aý galasynda şol gün öldürilen ilatyň, aýal-erkek ählisiniň jemi on iki müň sany boldy. 26Ýeşuwa bolsa tä Aýyň ähli ilatyny bütinleý ýok edip gutarýançalar, uzadan naýzaly elini aşak goýbermedi. 27Rebbiň Ýeşuwa buýruşy ýaly, ysraýyllar ol galanyň diňe mal-garasyny we talap alan zatlaryny özlerine olja edip aldylar. 28Şeýlelikde, Ýeşuwa Aý galasyny oda ýakdy we ony tä şu günlere çenli ömürlik harabaçylyga öwürdi. 29Aý galasynyň hanyny bolsa tä agşam düşýänçä agaçdan asyp goýdy. Gün ýaşan badyna, Ýeşuwa onuň jesedini agaçdan düşürip, galanyň derwezesiniň girelgesiniň öňüne taşlamagy buýurdy. Onuň üstüne tümmek edip, daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.Ýeşuwa Musanyň kanunyny okaýar
30Şol wagt Ýeşuwa Eýbal dagynda Ysraýyl Hudaýy Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy. 31Rebbiň guly Musanyň ysraýyllara buýruşy we onuň Kanun kitabynda ýazylyşy ýaly, gurbanlyk sypasy demir degmedik daşlardan guruldy. Onuň üstünde Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlyklaryny berdiler. 32Ýeşuwa ysraýyllaryň gatnaşmagynda şol daşlaryň ýüzüne Musanyň kanunynyň nusgasyny ýazdy. 33Ähli ysraýyllar, onuň ýaşululary, ýolbaşçylary, kazylary we olaryň arasyndaky gelmişekler Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylarynyň garşysynda, olaryň hem aňry gapdalyndan, hem bäri gapdalyndan iki topar bolup durdular. Rebbiň guly Musanyň: «Hudaýyň ak patasyny almaly pursadyňyz gelende, şeýle duruň» diýip buýruşy ýaly edip, olaryň ýarysy Gerizim dagynyň öňünde, beýleki ýarysy bolsa Eýbal dagynyň öňünde durdular. 34Soňra Kanun kitabynda ýazylyşy ýaly, Ýeşuwa ähli alkyş we nälet sözlerini ýekeme-ýeke gaty ses bilen okady. 35Tutuş Ysraýyl jemagatynyň, aýallaryň, çagalaryň we olaryň arasyndaky gelmişekleriň öňünde Ýeşuwa Musanyň ähli buýruklaryny ýeke söz hem galdyrman okady.
Copyright information for
TukLat16