Joshua 9
Gibgonlylar ysraýyllary aldaýarlar
1 Ysraýyllaryň ýeňşi hakyndaky habar Iordanyň günbataryndaky ähli hanlara: het, amor, kengan, periz, hiwi, ýabus hanlaryna baryp ýetdi. Olar daglyklarda, günbatardaky baýyrlyklarda, şeýle hem Ortaýer deňziniň tutuş kenar ýakasyndan tä Liwana çenli aralykda ýaşaýan hanlardylar. 2Olaryň hemmesi birleşip, Ýeşuwanyň we ysraýyllaryň garşysyna söweşe çykdylar. 3Emma golaýda ýaşaýan Gibgonyň ilaty Ýeşuwanyň Ýeriho we Aý galalaryny näme edendigini eşidenlerinde, 4olar onuň ýanyna aldaw ýoly bilen barmagy ýüreklerine düwdüler. Olaryň bir topary ýol şaýyny tutup, köne horjunlaryny we ýyrtyk-ýyrtyk, ýama-ýama şerap meşiklerini eşeklerine ýükläp ýola düşdüler. 5Olaryň aýaklaryndaky çaryklary köne-sana ýamalydy, egin-eşikleri sal-saldy we ähli ýol çörekleri gaty-guty hem heňlidi. 6Olar Gilgaldaky Ýeşuwanyň düşelgesine gelip, oňa we ysraýyllara: «Biz siziň bilen ylalaşyk baglaşmak üçin uzak ýurtdan geldik» diýdiler. 7Ysraýyllar hiwilere: «Belki, siz bize golaý ýaşaýansyňyz. Eger şeýle bolsa, biz siziň bilen nähili ylalaşyk baglaşaly?» diýdiler. 8Olar Ýeşuwa: «Biz siziň sadyk gullaryňyz» diýdiler. Ýeşuwa olardan: «Siz kim we nireden geldiňiz?» diýip sorady. 9Olar şeýle gürrüň berdiler: «Biziň ýurdumyz örän uzakda ýerleşýär, biz siziň Hudaýyňyz Rebbiň şöhratyny eşidip geldik. Biz Onuň Müsürde bitiren ähli işlerinden habarly. 10Iordanyň gündogaryndaky iki amor hanyny – Heşbonyň Sihon hany bilen Aştarotda ýaşan Başanyň Og hanyny Onuň näme edendigini biz bilýäris. 11Şonuň üçin ýaşulularymyz we ýurdumyzyň ähli adamlary bizi siziň ýanyňyza iberip: „Ýol harajady üçin gerek zatlaryňyzy alyň-da, ysraýyl halkyny garşylamaga gidiň. Olara duşanyňyzda, halkymyzyň olaryň gullarydygyny aýdyp, olardan biziň bilen ylalaşyk baglaşmagyny haýyş ediň“diýdiler. 12Biziň çöreklerimize serediň, siziň ýanyňyza gaýdan günümiz öýde bulary düwenimizde, ýaňyja tamdyrdan çykandy. Häzir bolsa, siziň görşüňiz ýaly, bular gaty we heňli. 13Ine, bular biziň şerap meşiklerimiz. Biz olary dolduranymyzda, olar täzejediler, häzir bolsa olaryň hemmesi jaýryk-jaýryk boldular. Biziň egin-eşigimize we çarygymyza serediň. Uzak ýol olary sandan çykardy». 14Şeýdip, ysraýyllar olaryň çöreklerinden dadyp gördüler, ýöne bu hakda Rebden maslahat soramadylar. 15Ýeşuwa olar bilen ylalaşyk baglaşdy we olary diri galdyrjakdygyna söz berdi, jemagat baştutanlary hem ony tassyklap kasam etdiler. 16Olar bilen ylalaşyk baglaşyp, üç gün geçenden soňra ysraýyllar olaryň goňşy bolup ýaşaýandyklaryny eşitdiler. 17Ysraýyllar ýöriş edip, üç gün diýlende olaryň Gibgon, Kepira, Beýerot, Kirýatýegarym galalaryna gelip ýetdiler. 18Ysraýyllar olara hüjüm etmediler, sebäbi jemagat baştutanlary olara Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan kasam içipdiler. Soňra jemagat öz baştutanlaryna garşy nägilelik bilen hüňürdeşdi. 19Emma baştutanlar tutuş halka ýüzlenip: «Biz olara Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan kasam etdik. Şonuň üçin hem biz olara degmeris. 20Biz olar bilen şeýle ederis: öz eden kasamymyza Rebbiň gazaby başymyzdan inmez ýaly, olary diri galdyrarys. 21Goý, olar ýaşabersinler» diýdiler. Şeýlelikde, jemagat baştutanlarynyň eden teklibi boýunça olar ähli halk üçin odun çapýançy we suw daşaýançy boldular. 22Ýeşuwa gibgonlylary ýanyna çagyryp, olara: «Näme üçin siz bizi aldadyňyz? Siz: „Biz uzakda ýaşaýarys“diýdiňiz, hakykatda bolsa biziň golaý goňşymyz ekeniňiz. 23Şu pursatdan başlap, siz näletlendiňiz, siz indi bize hemişelik gul bolarsyňyz. Siz Hudaýymyň öýi üçin odun çapýançy we suw daşaýançy bolarsyňyz» diýdi. 24Olar Ýeşuwa: «Hudaýyňyz Rebbiň ähli ýurtlary siziň eliňize bermegi we olaryň ýaşaýjylaryny gyrmagy Öz guly Musa buýrandygyny bize aýtdylar. Siz sebäpli biz öz janymyzyň howp astyndadygyny bildik we şonuň üçin hem şeýle etdik. 25Ine, indi biz seniň eliňde. Bize näme etmegi dogry we adalatly hasap etseň, şony-da edäý» diýdiler. 26Şonda Ýeşuwa olary ysraýyllaryň elinden halas etmegi ýüregine düwdi, olary öldürmediler. 27Şeýlelikde, Ýeşuwa hut şol günüň özünde jemagat üçin we Rebbiň Özüniň saýlan ýerindäki gurbanlyk sypasy üçin olary odun çapýançy we suw daşaýançy edip belledi. Olar bu günki gün hem şeýle işleri edýärler.
Copyright information for
TukLat16