Judges 11
Ýeftah serdar
1Gilgat urugyndan Ýeftah diýen bir edermen urşujy bardy. Ýeftahyň ejesi lolydy; kakasynyň ady Gilgatdy. 2Gilgadyň öz nikaly aýalyndan birnäçe ogly bardy. Olar ulalyp, ýigit çykanlarynda, olar Ýeftaha: «Sen başga aýaldan bolan ogulsyň, şoňa görä sen biziň atamyzyň öýünden hiç zat miras almarsyň» diýip, ony kowdular. 3Ýeftah öz doganlaryndan gaçyp, Top diýlen ýerde ornaşdy we daşyna üýşen bozgaklara baş bolup ugrady. 4Birnäçe wagtdan soň ammonlylar ysraýyllaryň üstüne çozdular. 5Şonda Gilgadyň ýaşululary Ýeftahy alyp gaýtmak üçin Top ülkesine gitdiler. 6Olar Ýeftaha: «Sen gel-de, bize serkerde bol, ammonlylar bilen urşaly» diýdiler. 7Emma Ýeftah olara: «Meni ýigrenip, atamyň öýünden kowanlar siz dälmi, eýsem? Bu günki gün başyňyza iş düşende, men size gerek boldummy?» diýdi. 8Şonda Gilgadyň ýaşululary Ýeftaha: «Şeýle bolan bolsa-da, biz indi saňa tarap öwrüldik. Ýör, bile ammonlylaryň garşysyna söweşeli! Sen biziň üstümizden, tutuş Gilgat halkyna baştutanlyk et!» diýdiler. 9Ýeftah olara: «Eger-de siz ammonlylar bilen söweşmek üçin meni yzyma alyp gitseňiz, Reb hem olary meniň elime berse, şonda men baştutanyňyz bolaryn» diýdi. 10Gilgat ýaşululary Ýeftaha: «Bize Reb şaýat bolsun, biz seniň sözüňden çykmarys» diýdiler. 11Şeýlelikde, Ýeftah Gilgat ýaşululary bilen gitdi. Halk ony özüne baştutan we serkerde edip saýlady. Ýeftah şonda Mispada Rebbiň huzurynda söz sözledi. 12Ýeftah Ammon patyşasyna: «Sen meniň ýurdumyň üstüne çozar ýaly, aramyzda näme bolan zat bar?» diýen sözleri aýtmak üçin, onuň ýanyna öz ilçilerini iberdi. 13Ammon patyşasy Ýeftahyň ilçilerine şeýle jogap berdi: «Ysraýyllar Müsürden gaýdyp gelýärkäler, Arnondan Ýabok we Iordan derýalaryna çenli aralykdaky ýerlerimi meniň elimden aldylar; şol ýerleri maňa uruşsyz gaýdyp ber». 14Ýeftah Ammon patyşasynyň ýanyna täzeden ilçiler iberdi. 15Oňa şu aşakdakylary aýtmaklaryny buýurdy: «Ýeftah muny aýdýar: ysraýyllar mowaplylaryň we ammonlylaryň ýurduny almady, 16sebäbi ysraýyllar Müsürden çykanlarynda, Gyzyl deňze ▼▼Gyzyl deňiz – ýewreýçe Gamyş deňzi.
çenli çölüň üsti bilen gidip, Kadeşe geldiler. 17Soňra olar: „Ýurduňyň içinden geçmäge bize rugsat et“diýen haýyş bilen Edom patyşasyna öz ilçilerini iberdiler, emma Edom patyşasy diňlemedi. Ysraýyllar Mowap patyşasynyň ýanyna hem ilçiler ýolladylar, emma ol hem razy bolmady. Şoňa görä ysraýyllar Kadeşde galdylar. 18Olar çölüň içi bilen Edom hem-de Mowap ýurdundan sowa geçdiler-de, Mowabyň gündogar araçäginde, Arnonyň aňyrsynda ýerleşdiler, emma Mowabyň meýdanynyň içine girmediler, çünki Arnon Mowabyň çägi bolup durýardy. 19Soňra ysraýyllar Heşbon galasyna, amorlaryň hany Sihonyň ýanyna öz ilçilerini iberip: „Ýurduňyň içinden geçip, öz ýerimize aralaşmaga rugsat et“diýdiler. 20Emma Sihon ysraýyllaryň geçip gitmegine razylyk bermedi. Ol öz halkyny ýygnap, Ýahsada düşelge gurdy we ysraýyllar bilen söweşe girdi. 21Ysraýyl Hudaýy Reb Sihony hem-de onuň halkyny ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary ýeňdiler. 22Olar amorlaryň Arnondan Ýabok derýasyna çenli we çölden tä Iordana çenli bolan ähli ýerini basyp aldylar. 23Şeýdip, Ysraýyl Hudaýy Reb Öz halky Ysraýylyň bähbidi üçin amorlary basyp aldy. Indi hem sen olary yzyna aljak bolýarsyňmy? 24Sen öz hudaýyň Kemoşyň özüňe beren ýeriniň üstünden eýelik edeňokmy näme? Biz hem Hudaýymyz Rebbiň biziň bähbidimiz üçin basyp alan ýerine eýelik edýäris. 25Sen Mowap patyşasy Siporyň ogly Ballakdan gowumy näme? Ol Ysraýyl bilen tersleşdimi ýa uruşdymy? 26Ysraýyllar eýýäm üç ýüz ýyl bäri Heşbonda we oňa degişli obalarda, Arogerde we oňa degişli obalarda hem-de Arnona ýakyn ähli galalarda ýaşap gelýärler. Siz näme üçin şonça wagtlap ol galalary eýelemediňiz? 27Men seniň öňüňde günäkär däl, sen bolsa meniň garşyma uruş başlap, maňa ýamanlyk edýärsiň. Indi, goý, höküm ýöredýän Reb ysraýyllar bilen ammonlylaryň arasynda hökümdar bolsun-da, höküm çykarsyn». 28Emma Ýeftahyň bu sözlerine Ammon patyşasy gulak asmady. 29Ýeftaha Rebbiň Ruhy inipdi. Ol Gilgadyň we Manaşanyň üstünden geçdi. Ol Gilgatdaky Mispäniň üstünden geçip, ammonlylaryň üstüne gitdi. 30Ýeftah Rebbiň öňünde ant içip, şeýle diýdi: «Eger Sen ammonlylary meniň elime berseň, 31onda men ammonlylary ýeňip, yzyma dolanyp gelenimde derwezämden ilkinji çykan Seniňkidir. Men şony Rebbe ýakma gurbanlyk edip berjekdirin». 32Ýeftah derýadan geçip, ammonlylar bilen uruşmaga gitdi. Reb olary Ýeftahyň eline berdi. 33Ysraýyllar Arogerden Minnite çenli olaryň ýigrimi galasyny hem-de Abelkeramyma çenli aralygy gyrgyna berip, uly ýeňiş gazandylar. Şeýdip, ammonlylar ysraýyllara boýun egdiler. Ýeftah we onuň gyzy
34Ýeftah Mispadaky öýüne gelende, onuň öz gyzy eli deprekli tans edip, öňünden çykdy; onuň ýeke gyzy bardy, başga ogly-da, gyzy-da ýokdy. 35Ol gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň! Indi sen hem meni ynjalykdan gaçyrdyň! Çünki men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» diýdi. 36Gyz kakasyna: «Kaka, sen Rebbiň öňünde öz agzyň bilen näme kasam eden bolsaň, ýerine ýetiriber, çünki Reb seni Ammon duşmanlaryňdan üstün çykardy» diýdi. 37Ol ýene kakasyna: «Maňa iki aý möhlet ber. Men daga gidip, joralarym bilen gezim edeýin we durmuşa çykmakdan mahrum bolandygymyň agysyny aglaýyn» diýdi. 38Kakasy: «Bolýar, gidäý» diýip, ony iki aýlap goýberdi. Ol öz joralary bilen gitdi-de, dagda boý gyzlygyna öljegine iki aýlap ýas tutdy. 39Iki aý geçensoň, ol kakasynyň ýanyna dolanyp geldi. Kakasy gyzy barada eden kasamyny ýerine ýetirdi, ol boý gyzlygyna öldi. Şondan soň ysraýyl gyzlarynyň arasynda 40gilgatly Ýeftahyň gyzynyň ýasyny tutmak üçin, her ýylda dört gün daga gitmek däbi peýda boldy.
Copyright information for
TukLat16