Judges 14
Şimşon öýlenýär
1Günlerde bir gün Şimşon Timna gidende, piliştli bir gyzy gördi. 2Ol baryp, öz ejesine we kakasyna: «Men Timnada piliştli gyzlardan birini gördüm. Şony maňa alyp beriň» diýdi. 3Emma ejesi bilen kakasy oňa: «Näme üçin sen sünnetsiz piliştli halkdan gyz aljak bolýarsyň? Näme özli-özüňde, tutuş ilimizde sen öýlener ýaly gyz ýokmy?» diýdiler. Şimşon kakasyna: «Maňa şony alyp ber, sebäbi ol meniň göwnüme ýarady» diýdi. 4Bu işiň Reb tarapyndan bolýandygyny, piliştlileriň garşysyna çykmak üçin, Onuň amatly pursady gözleýändigini Şimşonyň ejesi bilen kakasy bilmeýärdi. Şol wagtlar ysraýyllaryň üstünden piliştliler höküm sürýärdi. 5Şimşon, onuň ejesi we kakasy Timna tarap ugradylar. Olar Timnadaky üzümçilikden geçip barýarkalar, Şimşon bir ýaş ýolbarsyň arlaýan sesini eşitdi. 6Şimşona uly güýç bilen Rebbiň Ruhy indi, ol ýolbarsy edil bir owlajygy bölekleýän ýaly edip, düýt-müýt etdi; onuň elinde hiç zat ýokdy. Ol bu eden işini ejesine-kakasyna aýtmady. 7Baryp, ol gyz bilen gepleşdi; ol Şimşonyň göwnüne ýarady. 8Birnäçe günden soň Şimşon ol gyza öýlenmek üçin gideninde, ol şol ýolbarsyň maslygyny görmek üçin sowuldy. Seretse, ýolbarsyň maslygynda bal arylaryň öýjügi hem-de bal bar eken. 9Ol baldan goşawujyny dolduryp, ýolboýy ýalap iýip gitdi, ejesiniň we kakasynyň ýanyna gelende olara-da berdi. Olar hem iýdiler, emma baly ýolbarsyň maslygyndan alandygyny Şimşon olara aýtmady. 10Şimşonyň kakasy gyzyňka geldi, Şimşon şol ýerde, adatça, öýlenýän ýigitleriň edişi ýaly ýedi günläp toý tutdy. 11Toý başlananda, onuň ýanynda bile bolar ýaly, oňa otuz sany dost saýladylar. 12Şimşon olara: «Men size bir matal aýtjak; eger siz ony maňa toýuň ýedi gününiň dowamynda dogry çözüp berseňiz, onda men size otuz sany nepis don hem-de otuz laý köýnek bererin. 13Eger-de çözüp bilmeseňiz, onda siz maňa otuz sany nepis don we otuz laý köýnek berersiňiz» diýdi. Olar Şimşona: «Matalyňy aýt, eşideli» diýdiler. 14Şimşon olara matalyny aýtdy: «Iýegenden iýmit çykdy,güýçlüden süýjülik çykdy».
Mataly üç günläp çözüp bilmediler. 15Dördünji gün ▼
▼Dördünji gün – bu jümle käbir golýazmalarda ýedinji gün diýip duş gelýär.
diýlende, olar Şimşonyň aýalyna: «Adamyňy yr, ol bize mataly çözüp bersin; ýogsam, özüňi-de, kakaňyň öýüni-de otlarys, siz bizi iň soňky zadymyza çenli talap, gedaý goýmak üçin çagyrypmydyňyz?» diýdiler. 16Şimşonyň aýaly adamsynyň ýanynda aglap: «Sen meni ýigrenýärsiň, meni söýmeýärsiň, meniň ilimiň ýigitlerine matal aýtdyň, maňa ony çözüp bereňok» diýdi. Şimşon oňa: «Öz ejeme, kakama çözüp beripdirinmi, saňa çözüp berer ýaly» diýdi. 17Onuň aýaly toýuň bütin dowamynda, ýedi günläp aglady. Aýaly özelenip duransoň, ahyrsoňunda, ýedinji gün diýende Şimşon oňa matalyň çözgüdini aýtdy. Şimşonyň aýaly öz iliniň ýigitlerine matalyň çözgüdini aýdyp berdi. 18Ýedinji gün diýlende, Gün batmazdan öň, ýigitler Şimşonyň ýanyna gelip: «Baldan süýji,ýolbarsdan güýçli näme bar?»
diýdiler. Şimşon olara: «Siz meniň göläm arkaly ýer sürmedik bolsaňyz, mataly çözüp bilmezdiňiz» diýdi. 19Rebbiň Ruhy oňa indi, ol Aşkelona gidip, ol ýerde otuz adamy öldürdi. Olaryň eşigini sypyryp aldy-da, mataly çözenlere bir laý köýnek getirip berdi. Onsoň ol gazaba münüp, öz kakasynyň öýüne gaýtdy. 20Şimşonyň aýalyny bolsa, ol öýlenende, oňa iň ýakyn dost bolup oturana durmuşa çykardylar.
Copyright information for
TukLat16