Judges 16
Şimşon Gazada
1Günlerde bir gün Şimşon Gaza gelende bir loly aýala sataşyp, şonuň bilen gitdi. 2Gazanyň ilaty: «Şimşon bärik gelipdir» diýşip, töwerekde gaýmalaşdy. Olar: «Jahan ýagtylýança garaşarys, ony öldüreris» diýip, uzynly gije galanyň derwezesini garawulladylar. 3Şimşon ýarygijä çenli ýatdy, gijäniň ýarynda turdy-da, baryp, gala derwezesiniň gapylarynyň iki söýesini kiltleri bilen bilelikde goparyp, ony omzuna alyp, Hebronyň garşysyndaky dagyň depesine eltip goýdy.Şimşon we Delila
4Şondan soň Şimşon Sorek jülgesinde ýaşaýan bir aýala aşyk boldy. Onuň ady Delilady. 5Piliştli hanlar ol aýalyň ýanyna gelip: «Biz ony daňyp, özümize boýun egdirip biler ýaly, sen ugruny tap-da, onuň beýik güýjüniň nämededigini özüne aýtdyr. Şeýtseň, biziň herimiz saňa bir müň bir ýüz kümüş teňňe bereris» diýdiler. 6Delila Şimşondan: «Sen maňa aýtsana, beýle beýik güýji nireden alýarsyň? Seni näme bilen daňsaň, boýun egdirip bolar?» diýip sorady. 7Şimşon oňa: «Eger-de meni entek guramadyk ýedi sany ýaý kirşi bilen daňsalar, men güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. 8Piliştli hanlar ol aýala entek guramadyk täzeje ýedi sany ýaý kirşini getirip berdiler. Ol şonuň bilen Şimşony daňdy. 9Şol wagt piliştlilerden birnäçe adamlar şol otagda bukulyp otyrdylar. Aýal Şimşona: «Şimşon! Seniň üstüňe piliştliler gelýärler» diýdi. Şimşon ýaý kirişlerini edil ot degen ýüplügiň ýolnuşy ýaly edip, üzüp taşlady. Onuň güýjüniň nämededigi bilinmän galdy. 10Delila Şimşona: «Sen meni samsyk hasap edýärsiň, ýalan sözleýärsiň. Indi beri aýdaý, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi. 11Şimşon oňa: «Eger-de meni öň ulanylmadyk täze ýüp bilen daňsalar, men güýçden gaçaryn, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. 12Delila täze ýüp alyp, ony daňdy-da, oňa: «Şimşon! Seniň üstüňe piliştliler gelýärler» diýdi. Şol wagt piliştlilerden birnäçe adam şol otagda bukulyp otyrdylar. Şimşon ony-da ot degen ýüplügiň ýolnuşy ýaly edip, üzüp taşlady. 13Delila Şimşona ýene: «Sen meni samsyk hasap edýärsiň, ýalan sözleýärsiň. Aýtsana, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi. Ol: «Meniň saçymyň ýedi örümini gaty örersiň-de, ony dokma dokalýan gurala berk çekdirip daňarsyň. Şonda men güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. 14Delila Şimşony öz dyzynyň üstünde uklatdy. Ol uklanda, onuň saçynyň ýedi örümini aldy-da, olary pugta örüp, dokma dokalýan guralda çekdirip berkitdi hem-de oňa: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýdi. Ol ukudan oýandy-da, dokma dokalýan guraly ondaky mata bilen bilelikde goparyp taşlady. Onuň güýjüniň nämededigi ýene bilinmän galdy. 15Delila oňa: «Seniň ýüregiň meniň bilen däl eken. Nädip sen maňa: „Men seni söýýärin“diýip bilýärsiň? Üç gezek sen meni samsyk hasap etdiň, güýjüňiň nämededigini maňa aýtmadyň» diýdi. 16Delila her gün sorap, Şimşonyň ýüregine düşdi. Ol ony halys irizip, janyndan bizar etdi. 17Şimşon ahyrsoňunda oňa öz ýüregini açdy: «Men entek ejemiň göwresindekäm Hudaýa nazyr bolandygym üçin, meniň kelläme heniz päki degen däldir. Eger meniň saçym syrylsa, güýjüm menden gider; meniň güýjüm gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. 18Şeýdip, ol ähli syryny Delila açdy. Şundan soň, Delila: «Indi geliberiň, ol maňa öz ýüregini açdy» diýip aýtmaga piliştli hanlara habarçy iberdi. Piliştli hanlar elleri kümüş pully geldiler. 19Delila Şimşony öz dyzynyň üstünde uklatdy. Onuň saçynyň ýedi örümini syrdyrmak üçin adam çagyrdy-da, oňa syrmagy buýurdy. Şimşon ejizlenip başlady, onuň güýji gaçdy. 20Delila: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýende, ol oýanyp, öňki gezekdäki ýaly öz-özüni boşatmakçy boldy. Emma ol Rebbiň indi özünden ýüz öwrendigini bilmeýärdi. 21Piliştliler ony tutup, gözlerini oýdular. Gaza getirip, iki sany bürünç zynjyr bilen gandalladylar. Oňa zyndanda degirmen üwetdiler. 22Şol aralykda onuň kellesiniň syrylan ýerlerine saç çykyp başlady.Şimşonyň ölümi
23Pilişt hanlary özleriniň hudaýy Dagona juda köp gurbanlyklar berip, şady-horramlyk etmek üçin ýygnandylar. Olar: «Duşmanymyz Şimşony hudaýymyz biziň elimize berdi» diýişdiler. 24Halk Şimşony görende: «Köpimizi öldürip, ýerlerimizi tozduran duşmanymyzy hudaýymyz biziň elimize berdi» diýşip, öz hudaýlaryny alkyşlamaga başladylar. 25Mes bolan jemagat: «Şimşony getiriň, goý, ol biziň göwnümizi açsyn» diýip gygyryşdy. Şimşony zyndandan getirip, onuň üstünden gülüp başladylar, masgaraladylar, soňra ony sütünleriň aralygynda duruzdylar. 26Şimşon elinden tutup, özüni idip ýören ýigdekçä: «Meni şu jaýy saklaýan sütünleriň ýanyna elt, şolara söýeneýin» diýdi. Ýigdekçe şeýle hem etdi. 27Jaýyň içi aýal-erkeklerden doludy; pilişt hanlary hem şol ýerdedi. Jaýyň üstünde-de üç müňe golaý aýal-erkek bardy. Olaryň bary Şimşona tomaşa edýärdiler. 28Şimşon Rebbi çagyrdy-da: «Eý, Hökmürowan Reb, meni ýadyňa sal. Eý, Hudaý! Maňa ýene bir gezejik kuwwat ber, iki gözüm üçin, piliştliler bilen bir gezekde hasaplaşaýyn» diýdi. 29Şimşon jaýy saklaýan sütünleriň birine sag elini, beýlekisine çep elini diräp, olary ýerinden süýşürdi. 30Şimşon: «Goý, piliştliler bilen bile öleýin» diýip, bar güýji bilen sütünleri itende, jaý hanlaryň, jaýdaky ähli adamlaryň üstüne ýykyldy; Şimşonyň özi ölen wagty öldürenleri onuň bütin ömründe öldürenlerinden has köp boldy. 31Onuň doganlary, kakasynyň tutuş maşgalasy gelip, Şimşonyň jesedini äkitdiler we ony getirip, Sorga bilen Eştawolyň aralygynda, kakasy Manowanyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Ol ysraýyllara ýigrimi ýyllap serdar boldy.
Copyright information for
TukLat16