‏ Judges 18

Lewi ýigidi we dan tiresi

1Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Danlar özlerine ýaşar ýaly ýer gözleýärdiler, sebäbi şol wagta çenli ysraýyllaryň tireleriniň arasynda olaryň mülk paýy heniz paýlanmandy. 2Danlar öz urugyndan, Sorga hem Eştawol galalaryndan bäş sany daýaw erkek adamy ýer gözlemek hem-de maglumat toplamak üçin gizlinlikde ugratdylar.

Olara: «Baryň, assyrynlyk bilen ýer gözläň» diýdiler. Olar Efraýym daglygyna, Mikanyň öýüne gelip ýetdiler we gijäni şol ýerde geçirdiler.
3Mikanyň öýünde bolanda, olar lewi ýigidini onuň sesinden tanadylar-da, içerik girdiler we ondan: «Seni bu ýere kim getirdi? Bu ýerde sen näme işleýärsiň? Näme sebäpden sen bu ýerde?» diýip soradylar. 4Bu ýigit olara Mikanyň özüne edenlerini aýtdy. «Men hakyna işe durdum, men onuň ruhanysy» diýdi. 5Olar ruhana: «Sen Hudaýdan sorap, bize bilip ber, biz özümiziň ýolumyzyň şowly boljagyna-bolmajagyna göz ýetireli» diýdiler. 6Ruhany olara: «Arkaýyn gidiberiň, siziň ýoluňyz Rebbiň nazarynda» diýdi.

7Bu bäş adam ol ýerden gaýdyp, Laýyşa geldi. Onuň ilatynyň sidonlylar ýaly parahat we asuda ýaşaýandygyny, olary sidonlaryň dolandyrýandygyny gördüler. Olaryň hemme zady bardy. Olar asuda we aladasyz ýaşaýardylar. Olar sidonlardan uzakda ýaşaýardylar we hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar. 8Soňra olar Sorga hem-de Eştawola öz tiredeşleriniň ýanyna gaýdyp geldiler; tiredeşleri olardan: «Gurtmy, tilki?» diýip soradylar. 9Olar: «Biz bir ýer gördük, topragy juda gowy. Siz näme beýle pikire batdyňyz, ikirjiňlenmäň-de, baryp, ol ýeri eýeläň. 10Siz ol ýerde hiç bir aladasy bolmadyk halky görersiňiz. Olaryň ýeri-de örän giň. Hudaý olary siziň eliňize berendir. Ol ýerde asyl ýetmezçilik edýän zat ýok» diýdiler.

11Danlardan bolan alty ýüz sany erkek adam ýaraglaryny dakynyp, Sorgadan we Eştawoldan çykyp ugradylar. 12Olar baryp, Ýahudadaky Kirýatýegarymda düşelge gurdular. Şoňa görä ol ýer henize çenli Mahanadan
Mahanadan – bu söz Danyň düşelgesi diýmegi aňladýar.
diýlip atlandyrylýar, bu Kirýatýegarymyň günbatarydyr.
13Olar bu ýerden efraýymlaryň ýaşaýan daglygyna tarap gitdiler we Mikanyň öýüniň ýanyna geldiler.

14Laýyşy gözden geçirmäge öň gelip giden bäş adam öz doganlaryna: «Şu öýleriň birinde efot, oýma hem guýma but we başga butlar bar, siz şony bilýärsiňizmi? Indi näme etmelidigiňizi özüňiz biliň» diýdiler. 15Bular ol ýere bardylar. Mikanyň topar bolup duran öýleriniň birinde bolýan lewi ýigidiniňkä girdiler, onuň bilen salamlaşdylar. 16Ýaraglaryny dakynan alty ýüz sany dan adamlary derwezäniň agzynda durdular. 17Ýer görmäge öňki gelen bäş adam öýe girip, efody, oýma hem guýma buty we başga butlary aldylar. Ruhany derwezäniň agzynda ýaraglaryny dakynan alty ýüz adamyň ýanynda durdy. 18Mikanyň öýüne girip, efody, oýma hem guýma buty we başga butlary alanlarynda, ruhany olara: «Näme edýärsiňiz?» diýdi. 19Olar ruhana: «Sem bol! Ýör biziň bilen git, bize ýaşululyk hem ruhanylyk edersiň. Diňe bir adama ruhanylyk etmek gowumy ýa-da Ysraýylyň tutuş bir tiresi bilen urugyna?» diýdiler. 20Ruhany begenip, efody, oýma hem guýma buty we başga butlary alyp, ýaňky gelen adamlar bilen gitdi. 21Olar çagalary, mallary, ähli goşlary öňden goýberip, ýola düşdüler.

22Olar Mikanyň öýünden uzaklaşyp başlanda, Mika danlar bilen söweşmäge goňşularyny çagyrdy. Olar danlaryň yzyndan kowaladylar, 23olaryň yzyndan gygyrdylar. Danlar Mika tarap öwrülip: «Saňa näme gerek? Ýa urşasyň gelýärmi?» diýdiler. 24Mika olara: «Siz meniň ýasadan hudaýlarym bilen ruhanymy alyp gitdiňiz. Hany indi maňa näme galdy? Ýene-de: „Näme gerek?“diýip soraýarsyňyz» diýdi. 25Danlar oňa: «Sem bol, ýogsam, biziň gaharymyzy getirersiň, onsoň özüňiň-de, tutuş maşgalaňyň-da janyny jähenneme ibereris» diýdiler. 26Danlar öz ýollary bilen gidiberdiler, Mika bolsa olaryň özünden güýçlüdiklerini görüp, yzyna dolandy we öýüne gaýdyp geldi.

27Danlar Mikanyň ýasan sežde edilýän zatlaryny hem-de onuň öýünde ýaşan ruhanyny alyp, Laýyşa tarap gitdiler. Ol ýere baryp parahat we aladasyz ýaşaýan halky gylyçdan geçirip, galany otladylar. 28Ol ýerdäkilere kömek eden tapylmady, sebäbi olar Sidondan uzakdady, hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar. Ol gala Beýtrehobyň golaýynda ýerleşýärdi, danlar galany täzeden gurdular-da, ol ýerde ýaşap başladylar. 29Olar Ýakubyň ogly Danyň hatyrasyna ol gala Dan diýen at berdiler; galanyň öňki ady Laýyşdy. 30Danlar sežde edilýän buty oturtdylar. Musanyň agtygy
Musanyň agtygy – bu jümle käbir golýazmalarda Manaşanyň agtygy diýip duş gelýär.
Gerşomyň ogly bolan Ýonatanyň özi we onuň ogullary tä ýurt ýesirlige alynýança danlara ruhanylyk etdiler.
31Hudaýyň öýüniň Şiloda bolan wagtynyň bütin dowamynda, Mika tarapyndan ýasalan sežde edilýän but şol ýerde saklandy.
Copyright information for TukLat16