Judges 19
Benýamin tiresi masgara iş edýär
1Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Efraýym daglygynda bir lewi ýaşaýardy. Ol Ýahuda ýurdunyň Beýtullaham galasyndan bir gyrnak aýaly getirip, onuň bilen ýaşap başlady. 2Ol aýal öýkeläp, lewiniň ýanyndan öz atasy öýüne, Beýtullaham galasyna gitdi; ol atasy öýünde dört aýlap boldy. 3Soňra adamsy aýaly bilen ýaraşyp, ony getirmek üçin yzyndan ugrady. Onuň ýanynda bir hyzmatkäri bilen iki sany eşegi bardy. Aýaly adamsyny atasy öýüne saldy. Gaýynatasy ony güler ýüz bilen garşylap, öz öýünde saklady. 4Gaýynatasy giýewsini öýünde galmaklyga yrdy. Olar bu ýerde iýip-içip, üç gün ýatdylar. 5Dördünji gün olar ir oýandylar, ol adam turup gitmekçi boldy. Aýalyň kakasy öz giýewsine: «Bir döwüm çörek iýiň, ýürekse ediniň, soň hemmäňiz bile gidersiňiz» diýdi. 6Olar oturyp, bile iýip-içdiler. Aýalyň kakasy öz giýewsine: «Ýene bir gün gal, keýpiňi sazla» diýdi. 7Ol adam ýene turup gitmekçi boldy, emma gaýynatasy ony galmaklyga yrdy. Ol ýene bir gije ýatdy. 8Bäşinji gün, irden ol turup gitmekçi boldy. Aýalyň kakasy oňa: «Bir zatlar garbanyň, öýleden soň gidersiňiz» diýdi. Olar bile iýip-içdiler. 9Ol adamyň özi, gyrnak aýaly we hyzmatkäri gitmekçi bolup ýerlerinden turanda, aýalyň kakasy giýewsine: «Seret, Gün ýaşyp, agşama golaýlap barýar. Bu gije-de bu ýerde ýatyň, dem-dynjyňyzy alyp, öýüňize ertir ir bilen turup gidersiňiz» diýdi. 10Emma ol adam ýatmaga razy bolman, turup gidiberdi. Ol Ýabusa, ýagny häzirki Iýerusalime tarap gitdi. Onuň ýanynda ýükli eşekleri, gyrnak aýaly bardy. 11Olar Ýabusa golaýlanlarynda, Gün ýaşyp barýardy. Hyzmatkär öz hojaýynyna: «Ýör, Ýabusa baraly-da, gijäni şol ýerde geçireli» diýdi. 12Hojaýyny oňa: «Ýok, biz Ysraýyla degişli bolmadyk bir kesekileriň galasyna barmarys, Gibga gideris. 13Gibga ýa-da Rama ýetjek bolaly, gijäni şolaryň birinde geçireris» diýdi. 14Şeýdip, olar ýollaryny dowam etdirdiler. Olar benýaminleriň Gibga galasyna ýetenlerinde, Gün batypdy. 15Olar gije Gibgada ýatmak üçin şol tarapa öwrüldiler. Baryp, galanyň meýdançasynda düşlediler; hiç kim olary öýüne çagyrmady. 16Bir goja özüniň ekin meýdanyndan öýüne gaýdyp gelýärdi. Ol bu ýere efraýymlaryň ýaşaýan daglygyndan gelip, Gibgada ýaşaýardy. Bu ýeriň ilaty bolsa benýaminlerdi. 17Goja gala meýdançasyndaky ýolagçylary görüp, olardan: «Nireden gelip, nirä barýarsyňyz?» diýip sorady. 18Ol adam: «Biz Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan gelýäris, indi hem Efraýym daglygyna tarap, öýüme barýaryn. Bizi hiç kim öýüne çagyrmady. 19Eşeklerimiz üçin ot-iýmimiz, özüm, aýalym we hyzmatkärim üçin çörek hem şerap bar, hiç hili ýetmezçiligimiz ýok» diýdi. 20Goja oňa: «Arkaýyn bol, ýetmeýän zadyňy bereýin, ýöne meýdançada ýatma» diýdi. 21Goja olary öz öýüne alyp bardy, eşeklerine iým berdi, olar aýaklaryny ýuwdular, iýip-içdiler. 22Olar ýaňy bir ýazylyp-ýaýnanlarynda, galanyň azgyn adamlary jaýyň daşyny gabadylar. Gapyny ýumruklap, öýüň hojaýynyna: «Öýüňe gelen erkegi daşaryk çykar, biz ony zorlajak» diýip gygyrdylar. 23Öýüň hojaýyny daşaryk çykdy-da: «Ýok, doganlar, beýle azgynçylyk etmäň, ol meniň myhmanym, siz beýle aýyp iş etmäň. 24Içerde meniň el degmedik gyzym we ol adamyň gyrnak aýaly bar. Olary daşary çykaraýyn, olara islän işiňizi ediň, ýöne bu adama degmäň» diýdi. 25Emma olar garryny diňlemediler. Şonda ýaňky gelen adam öz gyrnak aýalyny zor bilen çykaryp, olaryň eline berdi. Adamlar uzak gije ol aýaly zorlap, namysyna degdiler. Daňdan olar ony goýberdiler. 26Daň agaranda, aýal adamsynyň myhman bolan öýüniň gapysyna gelip ýykyldy we jahan doly ýagtylýança, şol ýerde ýatdy. 27Gyrnak aýalyň hojaýyny ýoluny dowam etdirmek üçin irden gapyny açyp, daşaryk çykanda, onuň ellerini gapynyň bosagasynyň üstünde goýup ýatandygyny gördi. 28Ol aýalyna: «Tur, gideli» diýdi, emma aýaldan jogap bolmady, sebäbi ol eýýäm ölüpdi. Ol aýalyny eşegine ýükläp, öz öýüne alyp gitdi. 29Öýüne gelip, eline pyçak aldy-da, gyrnak aýalynyň on iki synasyny kesişdirip, on iki bölegi Ysraýylyň on iki tiresine paýlady. 30Ol çaparlar ýollap, olara muny görenlere şuny aýtmagy tabşyrdy: «Ysraýyllaryň Müsürden gelen gününden bäri, munuň ýaly zat görlüp-eşidilmändi. Indi oýlanyp görüň, maslahatlaşyp, biziň näme etmelidigimizi aýdyň».
Copyright information for
TukLat16