‏ Judges 20

Beýleki tireler benýaminlerden ar alýarlar

1Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar. 2Ysraýyllaryň ähli tireleriniň ýolbaşçylary Hudaýyň adamlarynyň ýygnagyna üýşdüler. Gylyçlaryny ýalaňaçlan dört ýüz müň sany esger hem şol ýerdedi. 3(Benýaminler ysraýyllaryň Mispada üýşendiklerini eşitdiler.) Ysraýyllar: «Nädip beýle masgaraçylyk bolup bildi?» diýip soradylar.

4Öldürilen aýalyň adamsy lewi şeýle jogap berdi: «Men öz gyrnak aýalym bilen benýaminleriň Gibga galasyna baryp, gije şol ýerde ýatdyk. 5Gibganyň adamlary gije biziň ýatan jaýymyzyň daşyny gabadylar. Meni öldürjek boldular, meniň gyrnak aýalymy masgaralap, tä ölinçä zorladylar, ol öldi. 6Men gyrnak aýalymy ol ýerden getirip, kesişdirdim-de, Ysraýylyň ähli ýerine iberdim, çünki Ysraýylda kada-kanuna laýyk gelmeýän, masgaraçylykly iş etdiler. 7Ine, siz ysraýyllar, hemmäňiz şu bolan işe serediň hem-de şu ýerde netije çykaryň» diýdi.

8Tutuş halk bir adam ýaly bolup turdy-da, şeýle diýdi: «Biziň hiç haýsymyz öz çadyrlarymyza gitmeris, öz öýümize dolanmarys. 9Indi biz Gibgany, gör, näderis: bije atyp, onuň üstüne kimiň gitmelidigini saýlarys. 10Ysraýyllaryň erkek adamlarynyň ondan birisi goşun üçin iýer-içer ýaly zatlar getirer, galanlarynyň hemmesi benýaminleriň Gibgada masgaraçylykly iş edendikleri üçin, olary jezalandyrmaga gider». 11Ysraýyllar bir adam ýaly bolup, agzybirlik bilen Gibga galasynyň üstüne gitmek üçin ýygnandylar.

12Ysraýyllaryň ähli tiresi benýaminlere wekil iberip: «Sizde nähili beýle nejis iş edilipdir. 13Siz Gibgadaky şol azgyn adamlary biziň elimize tabşyryň, biz olary öldürip, erbetlikleri köki-damary bilen Ysraýyldan goparyp taşlarys» diýdiler. Emma benýaminler öz doganlary bolan ysraýyllary diňlemediler. 14Benýaminler ysraýyllaryň garşysyna uruşmak üçin, benýaminlere degişli galalardan gelip, Gibga galasyna ýygnandylar. 15Şol gün benýaminleriň galalaryndan ýygnanyp, naýzalaryny ýalaňaçlan esgerleriniň sany ýigrimi alty müň adam boldy. Ondan başga-da, Gibga galasyndan ýygnanan esgerleriň sany ýedi ýüz adamdan ybarat boldy. 16Şol adamlaryň içindäki ýedi ýüz sany saýlama esger çepbekeýdi, olaryň sapan bilen atýan daşy saçyň taryna degmän geçmezdi. 17Diňe benýaminler däl, eýsem, ysraýyllar-da gylyçlaryny ýalaňaçlapdylar, olaryň sany dört ýüz müň adamdan ybaratdy, hemmesi-de uruşmaga ukyplydy.

18Ysraýyllar Beýtele bardylar-da: «Haýsymyz urşa ilki başlarys?» diýip, Hudaýdan soradylar.

Reb: «Ýahuda öňürti başlar» diýdi.

19Ysraýyllar ertesi irden Gibganyň ýanynda düşelge gurup ýerleşdiler. 20Ysraýyllar benýaminleriň garşysyna çykdylar-da, Gibganyň golaýynda söweşmäge taýýarlanyp, nyzama durdular. 21Benýaminler Gibgadan çykdylar, şol gün ýigrimi iki müň ysraýyly ýere ýazdylar. 22 23Ysraýyllar Rebbiň huzuryna gelip, tä agşama çenli aglap ýas tutdular we Ondan: «Biz öz doganymyz bolan benýaminler bilen ýene-de söweşe girelimi?» diýip soradylar. Reb: «Olaryň garşysyna çykyň» diýdi. Ysraýyllar dogumlanyp, şol öňküsi gün baryp duran ýerlerinde ýene-de söweşmäge nyzama durdular.

24Ysraýyllar ikinji gün diýlende benýaminleriň üstüne bardylar. 25Benýaminler şol güni Gibgadan ysraýyllaryň garşysyna çykdylar we olar bu gezek on sekiz müň iň güýçli edermen ysraýyl urşujylaryny gylyçdan geçirdiler.

26Şonda ähli ysraýyllar tutuş halk bolup, Beýtele bardylar. Olar oturyp, Rebbiň huzurynda agladylar we şol gün agşama çenli agyz beklediler. Mal soýup, Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler. 27 28Hudaýyň Äht sandygy şonda şol ýerdedi we oňa Harunyň ogly Elgazaryň ogly Pinehas ýolbaşçylyk edýärdi. Ysraýyllar Rebden: «Doganymyz bolan benýaminleriň garşysyna söweşmäge gidelimi ýa-da ýok?» diýip soradylar. Reb: «Gidiň, ertir Men olary siziň eliňize bererin» diýdi.

29Ysraýyllar Gibganyň töwereginde bukuda adam goýdular. 30Üçünji gün diýlende ysraýyllar benýaminleriň üstüne bardylar we söweşmek üçin Gibganyň ýanynda öňküleri ýaly nyzama durdular. 31Benýaminler ysraýyllaryň garşysyna hüjüm edip, galadan daşlaşdylar-da, Beýtele tarap gidýän ýolda hem-de Gibga tarap ekin meýdanynyň üsti bilen geçýän ýoluň üstünde ysraýyllary ýene-de öňküsi ýaly öldürdiler. Ysraýyllardan otuza golaý adam öldürildi. 32Benýaminler: «Biz olary öňki ýeňşimiz ýaly ýene ýeňeris» diýdiler. Ysraýyllar bolsa: «Olardan gaçaly-da, olaryň ünsüni ýollara tarap sowup, olary galadan daşlaşdyralyň» diýdiler. Şeýle hem etdiler. 33Ähli ysraýyllar ýerlerinden turdular-da, Bagal-tamarada nyzama durdular. Ysraýyllaryň bukuda goýan adamlary Gibganyň günbatar tarapyndan bukudan çykdylar. 34Gibganyň ýanyna Ysraýylyň ähli ýerinden saýlanyp alnanlaryň on müňüsi geldi we gazaply söweş başlandy, ýöne benýaminler entek özlerine betbagtlyk garaşýandygyny bilmeýärdiler. 35Reb benýaminleri ysraýyllaryň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Şol gün ysraýyllar gylyçlaryny ýalaňaçlan ýigrimi bäş müň bir ýüz benýamini öldürdiler.

36Benýaminler özleriniň ýeňilýändiklerine düşündiler. Ysraýyllar öz orunlaryny benýaminlere berdiler, sebäbi olar Gibganyň golaýynda bukuda oturanlara bil baglapdylar. 37Bukudakylar Gibga tarap topuldylar-da, galadakylaryň ählisini gylyçdan geçirdiler. 38Galadan ýokaryk galýan tüsse bukudakylaryň çozmagy üçin duýduryş bolsun diýip, ysraýyllar özara aýdyşdylar. 39Şeýlelikde, ysraýyllar söweş meýdanyndan yza çekilende, benýaminler ysraýyllaryň otuza golaý adamyny boýun egdirdiler. Olar: «Ine, ysraýyllar ýene-de öňküsi ýaly biziň öňümizde ýykylyp ýatyrlar» diýdiler welin, edil şol wagt 40galanyň depesinde tüsse sütün görnüşinde ýokary galyp başlady. Benýaminler yzyna seredenlerinde, tutuş galanyň depesinden tüssäniň göge göterilýändigini gördüler. 41Ysraýyllar yzlaryna dolandylar, benýaminler özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryny görüp, yzlaryna gaýtmaga gorkdular. 42Olar ýola düşüp, çöle tarap ysraýyllardan gaçyp başladylar. Emma ysraýyllar olaryň yzlaryndan galman ýetip, olary öldürdiler, galadan çykanlaryny bolsa şol ýerde gyrdylar. 43Ysraýyllar benýaminleriň daşyny gabadylar-da, olaryň yzyndan kowup, Gibganyň gündogar tarapyna ýetende, olaryň ählisini boýun egdirip gyrdylar. 44Benýaminleriň on sekiz müň sany güýçli urşujylaryny öldürdiler. 45Galanlary çöle, Rimmon gaýasyna tarap gaçdylar, ýollarda ysraýyllar olaryň ýene bäş müňüsini öldürdiler we Gidoma çenli yzyndan kowaladylar-da, olaryň ýene iki müňüni öldürdiler.

46Benýaminlerden şol gün jemi ýigrimi bäş müň adam öldi, olaryň hemmesi-de güýçli edermen adamlardy. 47Galan alty ýüz sany benýamin çöle tarap Rimmon gaýasyna gaçdy we olar dört aýlap şol gaýada galdylar. 48Ysraýyllar ýene-de yzyna benýaminleriň üstüne gitdiler-de, galadaky ähli ilaty, mallary, çem gelen zatlary gylyçdan geçirdiler. Soňra şol ýerdäki galan ähli galalary otlap ýok etdiler.
Copyright information for TukLat16