‏ Judges 3

Kenganda galan halklar

1 Kengandaky uruşlaryň hiç haýsysyna gatnaşyp görmedik ysraýyllary synamak üçin, Reb birnäçe milletleri kowup çykarman öz ýurdunda galdyrdy. 2Reb muny Ysraýylyň her bir nesline söweşmegi öwretmek üçin, esasan hem öň hiç haçan urşup görmedik, urşa hiç hili tejribesi ýok soňky nesil üçin etdi. 3Ine, Rebbiň şol galdyran milletleri: piliştlileriň bäş hanlygy, ähli kenganlar, sidonlar, Bagalhermon dagyndan Lebohamada çenli aralykdaky Liwan dagynda ýaşaýan hiwiler. 4Rebbiň Musanyň üsti bilen ata-babalaryna berlen buýruklaryna ysraýyllaryň gulak asýandyklaryny ýa-da gulak asmaýandyklaryny synamak üçin Reb şu halklary galdyrypdy. 5Ysraýyllar kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň arasynda mesgen tutdular. 6Olar bilen gyz alşyp-berişdiler, olaryň hudaýlaryna gulluk etdiler.

Otniýel serdar

7Ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler, özleriniň Hudaýy Rebbi unudyp, Bagal hem-de Aşera butlaryna gulluk etdiler. 8Şol sebäpden Rebbiň Ysraýyla gahary gelip, olary Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymyň eline tabşyrdy. Ysraýyllar sekiz ýyllap Kuşan-rişataýymyň gol astynda boldular. 9Olar Rebbe perýat edenlerinde, Reb olara Otniýel diýen bir halasgär berdi. Ol Kalebiň inisi Kenazyň ogludy. 10Rebbiň Ruhy Otniýele indi; ol ysraýyllara serdar bolup, urşa çykdy, Reb Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymy onuň eline berdi. Otniýel Kuşan-rişataýymy boýun egdirdi. 11Ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady. Soňra Kenazyň ogly Otniýel aradan çykdy.

Ehut serdar

12Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Reb hem Mowap patyşasy Eglony ysraýyllaryň garşysyna güýçlendirdi, sebäbi ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. 13Eglon ammonlylar we amalekler bilen birleşdiler we ysraýyllara zarba urup, Palma galasyny eýeledi. 14Şeýlelikde, ysraýyllar on sekiz ýyllap Mowap patyşasy Eglonyň gol astynda galdylar.

15Ysraýyllar ýene-de Rebbe perýat edenlerinde, Reb olar üçin bir halasgär berdi. Ol benýamin tiresinden Geranyň ogly Ehutdy, ol çepbekeýdi. Ysraýyllar Mowap patyşasy Eglon üçin salgyt äkitmegi Ehuda tabşyrdylar. 16Ehut özüne uzynlygy bir tirsek bolan iki ýüzli hanjar ýasandy. Ony donunyň aşagynda sag buduna dakyp, 17salgydy Mowap patyşasy Eglona äkitdi. Eglon gaty semiz adamdy. 18Ehut salgydy berdi we muny göterip gelen adamlary ugratdy. 19Ýöne onuň özi Gilgalyň gapdalyndaky ýonulan uly daşyň duran ýerinden yzyna öwrülip geldi-de: «Eý, patyşa, saňa aýtjak bir gizlin sözüm bar» diýdi.

Eglon: «Ümsüm boluň!» diýip, ýanyndakylaryň hemmesini daşaryk çykardy.

20Ehut şonda öz sergin otagynda ýeke galan patyşanyň ýanyna golaýlaşyp:

«Saňa Hudaýdan bir habar getirdim» diýende, patyşa tagtyndan turdy.
21Ehut çep eli bilen sag budundaky hanjaryny aldy-da, patyşanyň garnyna sokdy. 22Hanjar sapy bilen bile girip gitdi. Hanjar patyşanyň ýagly garnynda galdy. Ehut hanjaryny yzyna çykarmady, hanjarynyň ujy onuň arkasyndan çykdy, onuň içgoşy daşyna çykdy. 23Onsoň Ehut işigiň daş ýüzüne çykyp, sergin otagyň gapylaryny daşyndan gulplady. 24Ol daşaryk çykan badyna, patyşanyň nökerleri geldiler. Olar sergin otagyň gapylarynyň gulplydygyny görüp, patyşa aýak ýoluna gidendir öýtdüler. 25Juda köp garaşdylar, gapylar wagty bilen açylmansoň, ahyry açar alyp, gapylary açdylar. Görseler, olaryň hojaýyny ölüp ýatyrdy.

26Olar nämäniň-nämedigine düşünýänçäler, Ehut gaçdy we ýonulan uly daşyň gapdalyndan geçip, Seýire tarap zym-zyýat boldy. 27Ol bu ýere gelip, Efraýym daglygynda şahdan edilen surnaý çaldy. Ysraýyllar onuň bilen birlikde daglykdan indiler. Ehut olaryň öňündedi. 28Ehut olara: «Meniň yzyma düşüň, Reb duşmanyňyz mowaplylary siziň eliňize tabşyrdy» diýdi. Olar hem onuň yzy bilen aşak indiler we mowaplylardan Iordan derýasynyň güzerlerini eýeläp, ol ýerden hiç kimi geçirmediler. 29Şonda olar on müň sany daýaw hem batyr mowaplyny öldürdiler, olaryň ýekejesi-de aman galmady. 30Şeýlelikde, mowaplylar şol gün Ysraýylyň golastyna düşdüler. Soňra ýurt segsen ýyl parahat ýaşady.

Şamgar serdar

31Ehutdan soň Anat ogly Şamgar peýda boldy. Ol hem padyman taýagy bilen piliştlilerden alty ýüz adamy öldürip, Ysraýyly olaryň elinden halas etdi.
Copyright information for TukLat16