‏ Judges 4

Debora bilen Barak

1Ehut ölenden soň, ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. 2Reb ysraýyllary Hasor galasynda höküm süren we kengan halkyndan bolan Ýabyn atly hanyň eline berdi. Haroşet-hagoýym galasynda ýaşaýan Sisera onuň harby serkerdesidi. 3Ysraýyllar Rebbe perýat edip, Ondan kömek soradylar, Oňa ýalbardylar, sebäbi Ýabynyň dokuz ýüz sany demir söweş arabasy bardy we ol ýigrimi ýyl bäri ysraýyllary rehimsizlik bilen ezip gelýärdi.

4Şol döwürde ysraýyllara Lapydodyň aýaly Debora pygamber serdarlyk edýärdi. 5Ol Efraýym daglygynda, Rama bilen Beýteliň aralygyndaky palma agajynyň aşagynda oturýardy. Deboranyň buýrugyny eşitmek üçin ysraýyllar onuň ýanyna gelerdiler. 6Debora Abynogamyň ogly Baragyň yzyndan adam iberip, Kedeş galasynyň Naftaly diýen ýerine çagyrtdy we oňa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle buýruk berdi: „Bar, naftalylardan we zebulunlardan on müň adamy ýanyňa al-da, olar bilen Tabor dagyna çyk. 7Men bolsa harby serkerde Siserany, onuň söweş arabalaryny, agyr goşunyny Kişon derýasyna tarap getirip, seniň eliňe berjek“». 8Barak oňa: «Eger sen meniň bilen gitseň, men gideýin, ýogsam, men gitjek däl» diýdi. 9Debora oňa: «Bolýar, men seniň bilen gideýin; bu urşuň abraýy saňa nesip etmez, çünki Reb Siserany bir aýalyň eline berer» diýdi. Şeýle diýip, Debora Barak bilen bile Kedeş galasyna tarap ýola düşdi. 10Barak zebulunlar bilen naftalylary Kedeş galasyna üýşürdi, on müň adam onuň yzyna eýerdi. Debora olara ýoldaş boldy.

11Keýn tiresinden bolan Heber Kedeşiň golaýynda ýerleşen Saganannymda, dub agajynyň ýanynda çadyr gurupdy. Heber şol wagtlar beýleki keýnlerden aýry ýaşaýardy. Keýn tiresi Musanyň gaýynatasy Hobabyň nesillerindendi.

12Abynogamyň ogly Baragyň Tabor dagyna çykandygyny Sisera habar berenlerinde, 13ol öz ýanyndaky esgerlerini, ähli söweş arabalaryny we dokuz ýüz demir arabasyny Haroşet-hagoýymdan çagyryp, olary Kişon derýasynyň ýakasyna üýşürdi. 14Debora Baraga: «Tur, Rebbiň Siserany seniň eliňe berjek güni şu gündür. Rebbiň Özi seniň öňüňe düşer» diýdi. Şeýlelikde, Barak Tabor dagyndan aşak indi, onuň yzy bilen on müň adam gaýtdy. 15Baragyň goşuny bilen Siseranyň goşuny söweşip başlanda, Reb Siseranyň esgerlerini we söweş arabalaryny derbi-dagyn etdi. Sisera arabasyndan düşüp, pyýadalap gaçdy. 16Barak Siseranyň söweş arabasyny we bütin goşunyny Haroşet-hagoýyma çenli kowdy, olaryň baryny gylyçdan geçirdi, ýeke adamy-da diri goýmady.

17Sisera pyýada gaçyp, keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýageliň ýaşaýan çadyryna bardy. Heber we onuň öýündäkiler Hasor hany Ýabyn bilen ylalaşykly ýaşaýardy. 18Ýagel golaýlap gelýän Siserany görüp, onuň öňünden çykdy we oňa: «Gel, agam, gel meniň ýanyma, gorkma» diýdi. Ol gelip, bu aýalyň çadyryna girdi. Aýal onuň üstüne kilim ýapyp, ony gizledi. 19Sisera aýala: «Men gaty suwsadym, maňa bir azajyk suw bersene» diýdi. Ýagel süýtli meşikden süýt alyp, Sisera içirdi-de, ýene onuň üstüni örtdi. 20Soňra Sisera Ýagele: «Sen gapynyň agzynda bol, eger biri gelip: „Bu ýerde adam barmy?“diýip soraýsa, sen: „Ýok“diýip jogap berersiň» diýdi. 21Sisera örän ýadawdy; ol uka gitdi. Ýagel çadyryň gazyklaryndan birini hem-de tokmagy alyp, gazygy assyrynlyk bilen Siseranyň gulak tozunda goýdy-da, üstünden tokmak bilen urdy. Gazyk onuň kellesini ýere ýelmeşdirdi. Ol dessine jan berdi. 22Barak Siserany yzarlap, çadyryň ýanyna geldi. Ýagel ony görüp, öňünden çykdy-da: «Gel bärik, men saňa ýitgiňi tapyp bereýin» diýdi.

Barak Ýageliň ýanyna girende, çekgesinden gazyk geçirilen, jansyz ýatan Siserany gördi.

23Şeýdip, şol gün Hudaý kengan halkyndan bolan Ýabyn hany ysraýyllara tabyn etdi. 24Ysraýyllar gün-günden güýçlenip, Kengan hanlygyny doly syndyrdylar.
Copyright information for TukLat16