Judges 6
Midýanlar ysraýyllary ezýärler
1 Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etmäge başladylar. Reb olary ýedi ýyllap midýanlaryň eline berdi. 2Ysraýyllar midýanlaryň golastynda galdylar. Midýanlaryň berýän köp jebir-sütemi sebäpli ysraýyllar daglaryň gowaklarynda we başga-da sümelgelerde özlerine gizlenmäge bukular gurdular. 3Ysraýyllar ýere tohum sepip, ekişe başlanlarynda, midýanlar, amalekler we gündogar halklar olaryň üstüne çozardylar. 4Olar Ysraýylyň ýerinde çadyrlar gurardylar we tä Gaza galasyna çenli ähli ekinleri ýok ederdiler. Ysraýyllara ne goýun, ne öküz, ne eşek hiç zat goýmazdylar. 5Olar mallary hem çadyrlary bilen bile edil çekirtge çozan ýaly bolup gelerdiler; olaryň özleriniň hem, düýeleriniň hem san-sajagy ýokdy. Olar ýurdy wes-weýran ederdiler. 6Midýanlaryň sütemi sebäpli ysraýyllar gaty garyp düşdüler we Rebden kömek sorap, ýalbarmaga başladylar. 7Ysraýyllaryň midýanlardan dady-perýat edip, Özüne ýalbarandyklaryna görä, Reb olara bir pygamber iberdi. 8Şol pygamber olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb size: „Müsür gulçulygyndan sizi Men çykardym. 9Kuwwatly müsürlileriň we size sütem edenleriň hemmesiniň elinden Men halas etdim. Men olary siziň öňüňizden kowup, şu ýerleri size berdim. 10Size Hudaýyňyz Reb Mendigimi, amorlaryň topragynda ýaşasaňyz-da, olaryň hudaýlaryna sežde etmeli däldigiňizi aýdypdym. Ýöne siz Meni diňlemediňiz“diýip aýtdy» diýdi.Gidegon serdarlyk edip başlaýar
11Ine, Rebbiň iberen perişdesi Opra galasyna gelip, dub agajynyň aşagynda oturdy. Bu agaç abygezer urugyndan Ýowaş diýen adamyňkydy. Onuň ogly Gidegon midýanlar bilmez ýaly, şol ýerdäki üzüm sykylýan çukurda bugdaý döwüp durdy. 12Rebbiň perişdesi oňa görnüp: «Eý, edermen urşujy, Reb seniň bilendir!» diýdi. 13Gidegon oňa: «Eý, jenabym, eger Reb biziň bilen bolsa, onda nädip biziň başymyza şunça betbagtlyk gelýär? Ata-babalarymyz: „Reb bizi Müsürden alyp çykdy“diýip, bize gürrüň berýärdiler. Hany, Rebbiň şol gudratlary? Indi Reb bizi terk edip, midýanlaryň eline berdi» diýdi. 14Reb Gidegona bakyp: «Bar, şu güýjüň bilen git-de, ysraýyllary midýanlaryň elinden halas et. Seni Men iberýärin!» diýdi. 15Gidegon: «Ýa Reb! Men nädip Ysraýyly halas edip bilerin? Meniň urugym manaşa tiresiniň iň ejizidir. Men özüm hem maşgalamyzyň iň kiçisi ahyryn» diýdi. 16Reb oňa: «Men seniň bilen bolaryn. Sen ähli midýanlary emgenmän gylyçdan geçirersiň» diýdi. 17Şonda Gidegon Rebbe: «Eger menden razy bolsaň, onda Sen Özüňiň Rebdigiňi, meniň bilen Rebbiň gepleşýändigini subut edýän bir alamat görkez. 18Saňa sadaka getirip, öňüňde goýýançam, bu ýerden gitme» diýdi. Ol: «Sen gelýänçäň, garaşaryn» diýdi. 19Gidegon gidip, bir owlak soýdy we bir batman undan petir bişirdi. Eti sebede saldy, çorbasyny küýzä guýdy we bulary getirip, dub agajynyň aşagynda Onuň öňünde goýdy. 20Hudaýyň perişdesi Gidegona: «Eti we petiri şu daşyň üstünde goý-da, üstünden çorbany guý» diýdi. Gidegon şeýle hem etdi. 21Perişdäniň elinde hasasy bardy. Ol hasanyň ujuny et bilen petire degrende, daşdan ot çykdy. Ot daşyň üstündäki et bilen petiri ýakyp kül etdi. Hut şol wagt Rebbiň perişdesi gözden gaýyp boldy. 22Gidegon Rebbiň perişdesiniň özi bilen gepleşendigine düşünende: «Eý, Hökmürowan Reb! Maňa kömek et! Men perişdäň bilen ýüzbe-ýüz boldum» diýip gygyrdy. 23Reb oňa: «Howsala düşme, rahatlan! Gorkma, sen ölmersiň!» diýdi. 24Gidegon ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy we ony «Reb rahatdyr» diýip atlandyrdy. (Bu gurbanlyk sypasy abygezer urugynyň Opra galasynda, dubuň astynda henize çenli dur.) 25Şol gijäniň özünde Reb Gidegona: «Sen kakaňyň sürüsinden iki sany öküz getir, olaryň biri ýediýaşar öküz bolsun. Kakaňyň Bagala guran gurbanlyk sypasyny ýyk, onuň ýanyndaky Aşera butuny çap. 26Soňra belentde Hudaýyňyz Rebbe gurbanlyk sypasyny gur. Ikinji öküzi soý-da, ony şol ýerde Aşera butundan alnan odun bilen ýakyp, ýakma gurbanlyk edip ber» diýdi 27Gidegon özüniň adamlaryndan onusyny ýanyna alyp geldi-de, Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi. Atasynyň öýündäkileriniň hem-de galanyň ilatynyň görerinden gorkup, Gidegon bu işi gije etdi. 28Galanyň adamlary irden turanlarynda Bagalyň gurbanlyk sypasynyň ýykylandygyny, onuň ýanyndaky Aşera butunyň çapylandygyny, täze gurlan gurbanlyk sypasynda ikinji öküziň ýakylandygyny gördüler. 29«Bu kimiň eden işikä?» diýşip, biri-birilerinden soradylar, ahyry sorap-idäp, muny Ýowaşyň ogly Gidegonyň edendigini bildiler. 30Adamlar Ýowaşa: «Ogluňy daşary çykar, ol ölmeli, sebäbi Bagalyň gurbanlyk sypasyny ýykypdyr, onuň ýanyndaky Aşera butuny çapypdyr» diýdiler 31Ýowaş özüniň töweregine üýşen mähellä: «Bagaly goramak size galypmy? Siz ony goldaýaňyzmy? Onuň tarapyny tutan daňdana çenli öler. Eger Bagal hudaý bolýan bolsa, özüni ýykandan aryny özi alsyn, Bagalyň özi hasaplaşsyn» diýdi. 32Şol günden başlap, Gidegony Ýerubagal ▼▼Ýerubagal – bu söz Bagalyň özi göreşsin diýmegi aňladýar.
diýip atlandyrdylar, sebäbi ol Bagalyň gurbanlyk sypasyny ýykdy. 33Şu wakadan soň midýanlar, amalekler, gündogaryň beýleki halklary birleşdiler we Iordan derýasyndan geçip, Ýizregel jülgesinde düşelge gurdular. 34Gidegona Rebbiň Ruhy indi. Şondan soň Gidegon surnaý çalyp, abygezer urugyny öz yzyna düşmäge çagyrdy. 35Ol Manaşanyň ähli tirelerine adam iberip, ol ýeriň halkyny öz ýanyna toplady. Ol aşerlere, zebulunlara, naftalylara hem çaparlar ýollady. Olar hem söweşe çykdylar. 36Gidegon Hudaýa şeýle diýdi: «Ysraýyllary meniň üstüm bilen halas etjekdigiňe beren sözüň çyn bolsa, onda 37men harmanda goýun ýüňüni düşäýin. Eger daňdanyň çygy diňe ýüňüň üstüne düşüp, onuň töweregindäki ýerler gurulygyna galsa, onda Seniň Ysraýyly meniň üstüm bilen halas etjekdigiňe göz ýetirerin». 38Şeýle hem boldy. Ertesi irden Gidegon ýüňi sykyp, ondan bir jam suw aldy. 39Gidegon Hudaýa: «Meni ýazgarma. Senden ýene bir zat dilemäge maňa rugsat et: goýun ýüňi bilen ýene bir gezek synag edip göreýin. Goý, indi ýüň gurulygyna galsyn-da, onuň töweregindäki ýerler çyg bolsun» diýdi. 40Hudaý şol gije şeýle hem etdi: ýüň gury galyp, onuň töweregindäki ýerlere çyg düşdi.
Copyright information for
TukLat16