‏ Judges 8

1Soňra efraýymlar Gidegona: «Sen näme üçin beýle etdiň, näme üçin midýanlar bilen söweşmäge gideniňde bizi çagyrmadyň?» diýdiler. Olar Gidegony gaty ýazgardylar. 2Gidegon olara: «Siziň bitiren işiňiziň ýanynda meniňki dagy näme? Efraýym Abygezeriň ýygnan üzüminden köp ýygyp, özüni bagtly hasaplamanmydy näme? 3Hudaý Midýan baştutanlary Orep bilen Zeýebi siziň eliňize berdi. Men siziňkiçe iş bitirip bildimmi?» diýdi. Bu sözleri eşidip, efraýymlaryň gahary köşeşdi.

Gidegon midýanlary ýeňýär

4Gidegon ýadaw bolsa-da, duşmanyň yzyndan kowalamagy dowam edip, öz üç ýüz adamy bilen Iordan derýasyndan geçdi. 5Ol Sukodyň ilatyna: «Meniň yzymdan gelýän adamlaryma çörek beriň, olar gaty ýadaw. Men midýan baştutanlary Zebah bilen Salmunnany yzarlap barýaryn» diýdi. 6Emma Sukodyň ýolbaşçylary: «Seniň goşunyňa näme üçin çörek bereli? Zebahy we Salmunnany siz ele saldyňyzmy näme?!» diýdiler. 7Gidegon: «Bolýar, Reb Zebahy we Salmunnany meniň elime berenden soň, şu bolşuňyz üçin sizi çöl agajynyň tikenleri bilen hem-de böwürslen çybyklary bilen teniňizi parçalaryn» diýdi. 8Gidegon bu ýerden çykyp, Peniýele
Peniýel – ýewreýçe Penuwel. Bu Peniýeliň beýleki adydyr.
gitdi we onuň ilatyna-da öňki aýdanlaryny gaýtalady, olar hem Sukodyň ilatynyň beren jogaby ýaly jogap berdiler.
9Ol Peniýeliň ilatyna-da: «Ýeňiş bilen yzyma dolanyp gelenimde, şu diňiňizi ýykaryn» diýdi.

10Zebah bilen Salmunna Karkordady. Gündogaryň ilatyndan ýygnanan, tutuş goşundan diri galan on bäş müňe golaý esger hem olaryň ýanyndady. Olaryň ýüz ýigrimi müň söweşijileri bolsa öldürilipdi. 11Gidegon Noba bilen Ýogbohanyň gündogaryndaky kerwen ýoly bilen baryp, olaryň garaşmadyk wagtynda duýdansyz olara zarba urdy. 12Midýanlaryň Zebah bilen Salmunna atly iki baştutany gaçdy, emma Gidegon olary kowalap tutdy. Bütin goşun aljyraňňylyga düşdi.

13Ýowaşyň ogly Gidegon Heres geçidiniň üsti bilen uruşdan gaýdyp geldi. 14Ol Sukodyň ilatyndan bir ýaş ýetginjegi tutdy-da, ony sorag etdi. Ol Sukot baştutanlarynyň we ýaşulularynyň ýetmiş ýedi sanysynyň adyny ýazyp berdi. 15Gidegon Sukodyň ilatynyň ýanyna gelip: «Siz: „Seniň ýadaw adamlaryňa çörek berer ýaly, Zebahy we Salmunnany ele saldyňyzmy näme?“diýip, meniň üstümden gülüpdiňiz. Ine, Zebah bilen Salmunna» diýdi. 16Olar Sukodyň ýaşulularyny we galanyň ilatyny çöl agajynyň tikenleri hem-de böwürslen çybyklary bilen jezalandyrdylar. 17Penuwal diňini ýykyp, galanyň ilatyny gyrgyna berdiler.

18Gidegon Zebah bilen Salmunnadan: «Siziň Taborda öldürenleriňiz nähili adamlardy?» diýip sorady. Olar: «Seniň ýalydylar, şazada sypatlydylar» diýip jogap berdiler. 19Gidegon: «Olar meniň süýtdeş doganlarymdy. Rebden ant içýärin, eger siz olary öldürmedik bolsaňyz, men hem sizi öldürmezdim» diýdi. 20Ol özüniň nowbahar ogly Ýetere: «Tur, olary öldür!» diýdi. Ýetginjek gylyjyny çykarmady, sebäbi entek ýaş bolany üçin gorkýardy. 21Zebah bilen Salmunna Gidegona: «Tur-da, özüň bizi öldür, sebäbi erkek adamyň işini diňe erkek bitirip biler» diýdiler. Gidegon turup, Zebah bilen Salmunnany öldürdi-de, olaryň düýesiniň boýnundaky ýarym aý şekilli şaý-seplerini aldy.

22 Ysraýyllar Gidegona: «Seniň özüň, ogluň, agtygyň bize patyşa bolsun, çünki sen bizi midýanlaryň elinden halas etdiň» diýdiler. 23Gidegon olara: «Menem, meniň oglumam size patyşa bolmaz. Reb size patyşa bolar» diýdi. 24Gidegon olara: «Olja edip alan altyn gulak halkalaryňyzdan maňa heriňiz birini beriň» diýdi. (Duşmanda gulakhalka köpdi, çünki olar ysmaýyllardy.) 25Olar: «Höwes bilen bereris!» diýip, ýere geýim düşäp, onuň üstüne adam başyna bir gulak halka taşladylar. 26Altyn-kümüş düwmelerden, midýan patyşalarynyň goýy gyrmyzy reňkli geýimlerinden hem-de olaryň düýeleriniň boýnuna dakylýan altyn halkalaryndan başga, onuň ýygnan diňe gulak halkalarynyň agramy takmynan bir batman
Bir batman – ýewreýçe bir müň ýedi ýüz şekel. Bu takm. 20 kg deňdir.
boldy.
27Gidegon olardan efot ýasady we ony öz galasy bolan Oprada goýdy. Soňra ähli ysraýyllar ol ýere gatnap, efoda sežde etdiler. Bu Gidegona hem-de onuň öýündäkileriň ählisine gurlan duzakdy. 28Şeýlelikde, midýanlar ysraýyllara boýun egdiler hem-de şondan soň olara baş galdyrmadylar. Şeýdip, Gidegonyň döwründe ysraýyllar kyrk ýyllap parahat ýaşadylar.

Gidegonyň ölümi

29Ýowaşyň ogly Ýerubagal öz öýüne gidip, şol ýerde ýaşap başlady. 30Gidegon köp aýally bolansoň, onuň ýetmiş ogly bardy. 31Şekemde ýaşaýan gyrnagy hem oňa bir ogul dogrup berdi. Onuň ady Abymelekdi. 32Gidegon gojalyk ýaşyna ýetip öldi, ony abygezer urugynyň Opra galasynda, öz atasy Ýowaşyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.

33Gidegon ölensoň, ysraýyllar Bagal butlaryna sežde edip, zyna etdiler; Bagalberiti özleriniň hudaýy saýyp başladylar. 34Ysraýyllar daş-töweregindäki ähli duşmanlaryň elinden halas eden özleriniň Hudaýy Rebbi ýatlamadylar. 35Şeýle hem, Ysraýyla we özlerine eden ähli haýyrly işleri üçin Ýerubagalyň (ýagny Gidegonyň) öýüne wepaly bolmadylar.
Copyright information for TukLat16