Judges 9
Abymelek
1Ýerubagalyň ogly Abymelek Şekeme baryp, daýylaryna we öz ejesiniň ähli kowumlaryna ýüzlenip: 2«Şekemiň ähli ilatyna şuny ýetiriň: Size Ýerubagalyň ýetmiş oglunyň ýolbaşçylyk edeni gowumy ýa bir adamyň? Meniň öz süýegiňizden we teniňizdendigimi unutmaň» diýdi. 3Onuň daýylary muny Şekemiň ilatyna ýetirip, olary ynandyrdylar, olaryň göwünleri Abymelege tarap öwrüldi. «Ol biziň doganymyz ahyryn» diýdiler. 4Olar Abymelege Bagalberit buthanasyndan ýetmiş kümüş teňňe alyp berdiler. Belli bir işiň başyny tutman, işsiz, göwne gelenini edip, göwün hoşlap gezip ýören adamlara Abymelek şol kümüşleri berip, olary hakyna tutdy-da, öz yzyna düşürdi. 5Abymelek Opra galasyna öz atasynyň öýüne geldi we Ýerubagalyň ýetmiş ogluny, ýagny öz doganlaryny bir daşyň üstünde öldürdi. Diňe Ýerubagalyň iň kiçi ogly Ýotam gaçyp gizlenip, diri galdy. 6Şekemiň ähli ilaty we Beýtmillonyň ilatynyň hemmesi baryp, Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň ýanynda Abymelegi patyşa diýip yglan etdiler. 7Bu hakda Ýotama gürrüň berenlerinde, ol Gerizim dagyna gidip, onuň depesine çykdy-da, belent ses bilen gygyryp, şeýle diýdi: «Eý, Şekemiň ilaty! Meni diňläň, eger şeýtseňiz, Hudaý hem siziň dilegiňizi diňlär. 8Günlerde bir gün agaçlar özlerine patyşa saýlamakçy boldular. Olar zeýtun agajyna ýüzlenip: „Bize patyşa bol“diýipdirler. 9Zeýtun olara: „Men hudaýlara we adamlara berýän hezzetli ýagymy taşlap, başga agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“diýip jogap beripdir. 10Soňra agaçlar injir agajyna: „Gel-de, sen bize patyşa bol“diýip ýüz tutupdyrlar. 11Injir olara: „Men özümiň şirin-şeker iýmişimi taşlap, agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“diýip jogap beripdir. 12Soň olar üzüm agajyna: „Gel-de, biziň üstümizden patyşalyk et“diýipdirler. 13Üzüm agajy olara: „Men näme hudaýlaryň we adamlaryň göwnüni göterýän şirin-şerbetimi taşlap, agaçlaryň üstünden höküm sürmäge giderinmi?“diýip jogap beripdir. 14Iň soňunda ähli agaçlar tikenli agaja: „Bize sen patyşa bolaý“diýipdirler. 15Tikenli agaç beýleki agaçlara bakyp: „Eger siz meniň, hakykatdan hem, özüňize patyşa bolmagymy isleýän bolsaňyz, onda meniň saýamda bukulyň. Eger şeýtmeseňiz, onda tikenli agaçdan ot çykyp, Liwanyň kedr agaçlaryny ýakyp-ýandyrar“diýipdir. 16Ine, indi bir seredip görüň, çynyňyz bilen ak ýürekden Abymelegi patyşa saýladyňyzmy? Ýerubagaly hem onuň öýüni nätdiňiz, onuň haýyrly işlerine mynasyp iş etdiňizmi? 17Meniň kakam siz üçin söweşdi, öz janyny gaýgyrmady. Ol sizi midýanlaryň elinden halas etdi. 18Indi siz meniň kakamyň öýündäkileriniň garşysyna gidip, onuň ýetmiş ogluny bir daşyň üstünde öldürdiňiz, onuň gyrnagyndan bolan ogly Abymelegi bolsa Şekemiň ilatynyň üstünden patyşa edip goýduňyz, sebäbi ol siziň doganyňyz. 19Eger çynyňyz bilen ak ýürekden Ýerubagal bilen onuň maşgalasyna dogry iş eden bolsaňyz, onda Abymelege şatlanyň, ol hem size şatlansyn. 20Emma beýle etmedik bolsaňyz, onda, goý, Abymelekden ot çykyp, Şekemiň we Beýtmillonyň ilatyny ýaksyn. Şekemiň we Beýtmillonyň ilatyndan ot ýaýrap, Abymelegi köýdürsin». 21Soňra Ýotam Beýere gaçyp gitdi we ol ýerde dogany Abymelekden gizlenip ýaşady. 22Abymelek Ysraýyla üç ýyl ýolbaşçylyk etdi. 23Hudaýyň emri bilen Şekemiň ilaty Abymelegiň garşysyna gidip başlady. 24Bu Ýerubagalyň ýetmiş oglunyň nähak ganyny döken Abymelekden we oňa muny etmäge goltgy beren Şekem ilatyndan ar almak üçin şeýle boldy. 25Şekemliler dagyň ýokarsynda talaňçylary goýdular. Olar özleriniň deňinden geçýänleriň ählisini taladylar. Bu barada Abymelege habar ýetirildi. 26Abymelege garşy çykan Ýebediň ogly Gagal öz doganlary bilen Şekeme geldi. Şekemiň ilaty olara bil baglady. 27Olar meýdana çykyp, öz üzümlerini ýygdylar. Üzüm ýenjilýän sokuda ýenjip, sykyp suwuny aldylar. Baýram etdiler, öz hudaýlaryna sežde etdiler. Iýip-içip, Abymelegi näletlediler. 28Gagal şonda: «Biz Abymelege gulluk eder ýaly, Abymelek kim? Biz nähili adam ekenik? Onuň atasy Ýerubagal dälmi? Onuň ýolbaşçysy Zebul dälmi? Gowusy, şekemlileriň atasy Hamoryň kowumlaryna gulluk ediň, Abymelege gulluk etmek nämä gerek? 29Eger-de halk Abymelegi meniň elime berse, men ony kowardym we Abymelege: „Öz esgerleriňiň sanyny köpelt-de, söweşe çyk“diýerdim» diýdi. 30Gagalyň aýdan sözlerini eşidende, galanyň ýolbaşçysy Zebulyň gahary kekirdegine geldi. 31Ol hilegärlik bilen Arumadaky Abymelege gizlin habar iberdi: «Ine, Gagal we onuň doganlary Şekeme gelip, halky seniň garşyňa aýaga galdyrýarlar. 32Siz şeýle ediň: özüň we ýanyňdakylar gije turuň-da, meýdanda bukuda esgerleri oturdyň. 33Irden, Gün doguberende, turuň-da, gala hüjüm ediň, Gagal we onuň ýanyndaky adamlar öňüňizden çykanda, sen olary aýaman, eliňde baryny et». 34Gije Abymelek we onuň ýanyndaky adamlar Şekemiň golaýynda dört topar edip, esgerlerini goýdular. 35Gagal gelip, galanyň derwezesiniň ýanynda durdy. Abymelek hem-de bukuda oturan adamlar bukudan çykyp ýörediler. 36Gagal gelýän adamlary görüp, Zebula: «Ana, dagyň ýokarsyndan adamlar aşak inip gelýärler» diýdi. Zebul oňa: «Dagyň kölegesi saňa adam bolup görünýändir» diýdi. 37Gagal ýene-de: «Ine, adamlar beýikden aşak inip gelýärler. Bir bölümiň esgerleri palçynyň dub agajyndan bärik gelýärler» diýdi. 38Zebul oňa: «Hany indi seniň „Biz Abymelege gulluk eder ýaly, ol kimmişin?“diýen diliň nirede? Bular seniň şol äsgermedik adamlaryň dälmi näme? Bar, indi çyk-da, olar bilen söweş-dä!» diýdi. 39Gagal Şekem ilatynyň öňüne düşüp gitdi-de, Abymelek bilen söweşdi. 40Abymelek onuň yzyndan kowalady; Gagal ondan gaçdy. Gala derwezesine çenli aralykda bolan söweşde köp adam gyryldy. 41Abymelek Arumada galdy. Zebul Gagaly we onuň doganlaryny Şekemden çykaryp kowdy. 42Ertesi halk ekin meýdanyna çykdy. Bu barada Abymelege habar berdiler. 43Ol öz adamlaryny alyp, olary üç bölüme böldi-de, meýdanda bukuda oturtdy. Halkyň galadan çykanyny görende, duýdansyz olaryň üstüni basyp, olary gyrdyrdy. 44Abymelek we onuň ýanyndaky goşun bölümi galanyň derwezesiniň agzyna tarap süýşende, onuň beýleki iki bölümi meýdandakylaryň üstüne çozup, olary gyrdylar. 45Abymelek uzynly gün söweşdi we galanyň ilatyny gyryp, galany weýran etdi we ol ýere duz sepdirdi. 46Şekemiň golaýyndaky Eýlberit ybadathananyň baştutanlary muny eşidip, ybadathananyň iň berk gorag ýerine girdiler. 47Abymelek bu hakda eşidende, 48ýanyndaky adamlar bilen Salmon dagyna gitdiler. Abymelek öz ýany bilen palta äkidip, agaç şahalaryny çapdy-da, egnine aldy we ýanyndakylara: «Men näme eden bolsam, siz hem derrew şony ediň» diýdi. 49Esgerleriň her biri agaç çybyklaryny çapyp, Abymelegiň yzy bilen gitdiler we çybyklary ybadathananyň töweregine üýşürip, ony otladylar. Eýlberit ybadathanasyndaky müňe golaý erkekler we aýallar öldüler. 50Soňra Abymelek gidip, Tebez diýen galany gabady we ony eýeledi. 51Galanyň ortarasynda berk diň bardy. Aýal-erkek, umuman, galanyň ilatynyň hemmesi şol ýere gaçdylar. Olar diňiň içine girip, gapylaryny beklediler we onuň depesine çykdylar. 52Abymelek diňiň ýanyna gelip, onuň daşyny gabady, ony otlamak üçin gapylarynyň ýanyna bardy. 53Şonda bir aýal degirmen daşyny Abymelegiň kellesinden zyňyp, onuň kelleçanagyny döwdi. 54Abymelek şol mahal öz ýanyndaky ýarag göterýän ýetginjegini çagyrdy-da, oňa: «Gylyjyňy ýalaňaçla-da, meni öldür, men barada „Ony aýal öldürdi“diýlen gürrüň ýaýramasyn» diýdi. Ýetginjek dessine oňa gylyjyny saldy, ol jan berdi. 55Abymelegiň ölenini gören ysraýyllaryň hersi öz öýli-öýüne dolandy. 56Şeýdip, Abymelegiň öz ýetmiş sany doganyny öldürip, atasynyň öýüne eden hyýanatçylygyny Hudaý onuň özüne görkezdi. 57Şekemiň ilatynyň eden ähli jenaýatçylygyny Hudaý olaryň öz başlaryna saldy. Olary Ýerubagalyň ogly Ýotamyň gargyşy tutdy.
Copyright information for
TukLat16