‏ Lamentations 3

Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir

Alef 1Hudaýyň gazap taýagyndan
hasrat çeken adam men.
2Ol meni idip,
yşyksyz tüm garaňkylyga getirdi.
3Ol bütin gün gaýta-gaýta
garşyma elini galdyrdy.

Bet 4Etimi, hamymy çüýretdi,
süňklerimi döwüp taşlady.
5Üstüme çozup, daşymy gabady,
başyma hasrat hem dert saldy.
6Bireýýäm ölenler kimin
meni garaňkylykda ýaşatdy.

Gimel 7Gaçmaz ýaly daşyma diwar aýlady,
boýnuma agyr zynjyrlar saldy.
8Perýat edip, kömege çagyranymda,
Ol dilegime gulak salmady.
9Ýonma daşlar bilen ýolumy ýapdy,
ýodalarymy egreltdi.

Dalet 10Hudaý meni peýleýän aýydyr,
bukuda ýatan arslandyr.
11Ýolumdan azaşdyryp parçalady,
halys sandan çykardy.
12Ol ýaýyny çekdi,
meni okuna nyşan edindi.

He 13Sagdagyndaky oklary atyp,
bagrymy deşdi.
14Men ähli halkyma gülki boldum,
günuzyn olaryň aýdymy boldum.
15Ol meni hasratdan doýrup,
ýowşanyň ajy suwuny içirdi.

Waw 16Çagyl bilen dişlerimi owratdy,
kül içinde depip, dyza çökdürdi.
17Meniň janym rahatlygy unutdy,
şatlygyň nämedigi ýatdan çykdy.
18Özüme diýdim: «Jandan el üzdüm,
Rebbe bolan ähli umydym öçdi».

Zaýin 19Hasratymdyr sergezdanlygym hakda oýlansam,
ajy ýowşan bilen zäher-zakgun içen ýalydyr!
20Janym muny dyngysyz ýatlaýar,
şonuň üçin ýüregim paralanýar.
21Emma şuny ýatda saklaýan,
şonda ýene-de umyt döreýär:

Ḥet 22Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir
Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir – bu jümle käbir golýazmalarda Rebbiň söýgüsi sebäpli biz ýok bolup gitmedik diýip duş gelýär.
,
çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr.
23Her säher bular täzelenýär,
Seniň wepadarlygyň beýikdir!
24Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr.
Şoňa görä Oňa intizardyryn».

Ṭet 25Reb Özüne bil baglaýanlara,
Özüni ýürekden agtarýanlara ýagşydyr.
26Rebbiň halas edişine
ümsüm garaşmak gowudyr.
27Adama boýuntyrygy
ýaşlykdan götermek gowudyr.

Ýod 28Ynsan dymyp, ýalňyz otursyn,
çünki boýuntyrygy dakan Rebdir.
29Ýere ýüzin ýykylsyn,
belki, umyt bardyr.
30Özüni urana ýaňagyny tutsun,
masgaralanmakdan doly bolsun.

Kaf 31Çünki Taňry hiç wagt
ömürlik terk etmez.
32Ol birine hasrat çekdirse-de,
bol merhemetine görä rehim-de eder.
33Hasrat berip, gaýga batyrsa-da,
bulary Ol ýürekden etmez.

Lamed 34Ýurduň ähli ýesirleri
aýak astynda depelenende,
35Beýik Hudaýyň huzurynda
ynsan hukuklary kemsidilende,
36dawada birine adalatsyzlyk edilen wagty,
Taňry olary görýän dälmidir?

Mem 37Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa,
kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?
38Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem
Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy?
39Öz günäleri üçin jezasyn alsa,
diri galan adam näme üçin zeýrensin?

Nun 40Geliň, ýollarymyzy synap göreliň,
täzeden Rebbe gaýdyp baralyň.
41Geliň, gökdäki Hudaýa
elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň.
42Biz günä edip baş galdyrdyk,
Sen bizi bagyşlamadyň.

Sameh 43Kowaladyň bizi gazap bilen,
rehimsizlik bilen öldürdiň.
44Özüňi buluda bürediň,
dilegler eşidilmesin diýip.
45Bizi milletler arasynda
syr-süplüge, zir-zibile öwürdiň.

Pe 46Ähli duşmanlarymyz
bizi ýaňsyladylar.
47Üstümize howp we hile,
harabaçylyk we weýrançylyk abandy.
48Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa
gözýaşlarym sil bolup akýar.

Ğaýin 49 50Reb gökden aşak nazar salýança,
gözýaşlarym hiç tükenmez, asla kepemez.
51Şäherimdäki gyzlaryň halyna
ýüregim gyýym-gyýymdyr.

Tsadi 52Maňa nähak duşman bolanlar
meni guş kimin awlap tutdular.
53Diriligime çukura taşlap,
üstümden daş okladylar.
54Suwlar depämden aşdy,
«Men heläk boldum» diýdim.

Ķof 55Çukuryň düýbünden
Seni çagyrdym, ýa Reb.
56«Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý»
diýen sözlerimi eşitdiň.
57Seni çagyranymda, ýanyma gelip:
«Gorkma!» diýdiň.

Reş 58Eý, Taňry, janymy gutaran Sensiň,
ömrümi halas eden Sensiň.
59Ýa Reb, maňa edilen adalatsyzlygy gördüň,
meniň hakymy alyp ber.
60Menden nähili öç alyşlaryny gördüň,
garşyma guran dildüwşüklerini bildiň.

Şin 61Ýa Reb, olaryň masgaralaýşyny eşitdiň,
garşyma guran dildüwşüklerini gördüň.
62Duşmanlarymyň bütin gün meniň garşyma
edýän hyşy-wyşylaryny we hüňürdilerini eşitdiň.
63Ertirden agşama çenli
men olaryň ýaňsy aýdymy boldum.

Taw 64Olaryň elleri bilen edenlerini
eginleri bilen çekdir, ýa Reb!
65Ýüreklerine howsala sal.
Goý, näletiň olaryň üstünden insin!
Gazap bilen kowalap,
gökleriň astyndan olary ýok et, ýa Reb!
66

Copyright information for TukLat16