‏ Lamentations 4

Iýerusalim ýykyldy

Alef 1Wah, altyn nähili garaldy-la!
Sap altyn nähili üýtgedi-le!
Mukaddes daşlar çaşyp ýatyr
her köçäniň başynda.

Bet 2 Sionyň jandan eziz çagalary
sap altyndan-da gymmatlydy!
Wah, indi küýzegäriň eliniň işi
gury bir toýna deň bolup galdy!

Gimel 3Hatda şagallar-da emjek berip,
öz balalaryny emdirýändir,
emma eziz halkym çöl düýeguşy kimin
çagalaryna rehimsiz boldy.

Dalet 4Süýt emýän çaganyň dili
teşnelikden damagyna ýapyşýar.
Çagalar çörek diläp ýalbarýarlar,
emma hiç kim hiç zat bermeýär.

He 5Näz-nygmatlar iýip ýaşanlar
köçelerde açlyk çekýärler.
Gyrmyzy don geýip ulalanlar
iýmit gözläp, zir-zibili dörýärler.

Waw 6Çünki eziz halkymyň jezasy
ynsan eli degmezden
bir demde ýykylan
Sodomyň jezasyndan uludyr.

Zaýin 7Onuň ýolbaşçylary gardan arassa,
süýtden akdylar.
Bedenleri merjenden gyzyl,
daş sypatlary ýakut kimindi.

Ḥet 8Indi ýüzleri kömürden gara,
köçelerde tanalmaýarlar.
Derileri süňklerine ýapyşyp,
gury agaja döndüler.

Ṭet 9Açlykdan öleniňden
gylyçdan öleniň gowudyr.
Ýeriň hasylyndan mahrum bolup,
olaryň ömür tanaplary gyryldy.

Ýod 10Ýuka ýürek aýallar çagalaryny
öz elleri bilen özleri bişirdi.
Eziz halkymyň heläkçilik gününde
çagalary olara iýmit boldy.

Kaf 11 Reb gahar-gazabyny pürkdi,
lowlaýan gaharyny saçdy.
Siona garşy tutaşdyran ody
onuň düýplerini-de ýandyrdy.

Lamed 12Dünýädäki patyşalaryň, ynsanlaryň hijisi
Iýerusalimiň derwezelerinden ýagylardyr
duşmanlaryň girjegine ynanmazdylar.

Mem 13Bularyň bary pygamberleriniň günäsi,
ruhanylarynyň etmişi üçin boldy.
Çünki olar şäheriň ortasynda
dogruçyllaryň ganyny dökdüler.

Nun 14Kör kimin köçelerde entediler,
gan bilen haram boldular.
Muňa görä geýimlerine
el degrip bilen bolmady.

Sameh 15Halk olara: «Ýok boluň, eý, haramlar!
Gaçyň! Aýrylyň! Ellemäň!» diýdi.
Şeýdip, olar kowlup, sergezdan boldular.
Milletler arasynda olara şeýle diýildi:
«Bu ýerde mundan artyk galmasynlar!»

Pe 16Rebbiň Özi olary dargatdy,
Reb indi olara nazar salmaz.
Ruhanylaryna hormat goýulmaz,
ýaşulularyna rehim edilmez.

Ğaýin 17Kömege biderek garaşmakdan
gözlerimiz küteldi.
Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk,
halas etmeýän millete garaşan ekenik.

Tsadi 18Yzymyzy yzarladylar,
köçelerimizde gezip bilmedik;
ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy,
çünki soňumyz ýetip gelipdi.

Ķof 19Bizi kowalaýanlar
gökdäki bürgütlerden ýyldamdy.
Olar daglarda bizi yzarladylar,
çölde bizi peýläp ýatdylar.

Reş 20Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip-saýlany
olaryň çukuryna gaçdy.
Biz ol hakda: «Onuň saýasynda
milletler arasynda ýaşarys» diýipdik.

Şin 21Eý, Us ýurdunda ýaşaýan
Edom gyzy, şatlan, begen!
Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter,
serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda.

Taw Eý, Sion gyzy, günäňiň jezasy tamamlandy,
Reb indi seni gaýdyp sürgün etmez,
emma seniň etmişiňiň jezasyn berip,
günäleriňi paş eder Ol, eý, Edom gyzy.
22

Copyright information for TukLat16