‏ Lamentations 5

Rehimdarlyk üçin dileg

1Ýa Reb, biziň başymyza gelenini ýatla.
Seret-de, biziň masgaraçylygymyzy gör!
2 Mirasymyz kesekilere,
öýlerimiz gelmişeklere galdy.
3Biz atasyz ýetim galdyk,
ejelerimiz bolsa dul galdy.
4Suwumyzy pul töläp içdik,
odunymyzy-da satyn aldyk.
5Bizi boýuntyryk dakyp kowaladylar,
tapdan düşdük, dynçlyk bermeýärler.
6Doýa-garna çörek iýmek üçin
Müsüre we Aşura elimizi serdik.
7Ata-babalarymyz günä etdiler;
indi olar ýok,
emma olaryň jezasyny biz çekýäris.
8Üstümizden gullar höküm sürýär,
olaryň elinden bizi halas edýän ýok.
9Çöldäki garakçynyň gylyjy zerarly
nanymyzy janymyzdan geçip gazanýas.
10Ýakyp barýan açlygyň derdinden
derimiz ýanýan köz kimin gyzardy.
11 Ýahudanyň şäherlerinde gyzlaryň,
Sionda gelinleriň namysyna degildi.
12Ýolbaşçylaryny ellerinden asdylar,
baştutanlaryna hormat goýmadylar.
13Ýigitler degirmen daşyny aýlaýarlar,
olar odun ýüküň astynda ýegşerýärler.
14Garrylar şäher derwezesinde oturmaýarlar,
ýaş ýigitler saz gurallaryny çalmaýarlar.
15Ýüreklerimiziň şatlygy kesildi,
tanslarymyz indi ýasa öwrüldi.
16Başymyzdan täç gaçdy.
Waý halymyza! Çünki günä etdik.
17Munuň üçin ýüregimiz agyrdy,
gözlerimiz küteldi.
18Çünki Sion dagy weýran bolup,
şagallar sümsünişip ýör üstünde.
19Ýöne Sen, ýa Reb, ebedi höküm sürersiň,
Seniň tagtyň nesilden-nesle dowam eder.
20Neçün Sen bizi ebedilik unudýarsyň?
Neçün bizi uzak wagtlap terk edýärsiň?
21 22Bize çäksiz gaharlanyp,
bütinleý ret etmedik bolsaň,
bizi Özüňe öwür, ýa Reb, biz öwrüleris,
bize öňki günlerimizi gaýtaryp ber!
Copyright information for TukLat16