Leviticus 23
1Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbiň dini baýramlary, ýagny siz tarapyndan mukaddes ýygnanyşyklar hökmünde yglan edilmeli Meniň baýramlarym, ine, şulardyr.Sabat güni, Pesah baýramy, Petir baýramy
(Çölde 28:16-25)
3Alty günläp işläň, ýedinji gün Sabatdyr, ol doly dynçlyk we mukaddes ýygnanyşyk günüdir. Şol gün siz hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, şol Sabat güni Rebbe degişlidir. 4Ine, Rebbiň şu baýramlaryny siz kesgitlenen wagtlarynda bellemelisiňiz. 5Birinji aýyň on dördüne Gün ýaşandan soň, Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin. 6Şu aýyň on bäşi Rebbiň Petir baýramydyr. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz. 7Şu günleriň ilkinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. 8Ýedi günläp Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlaryňyzy hödürläp, ýedinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň“».Ilkinji miwelerden berilmeli sadaka
9Reb Musa şeýle diýdi: 10«Ysraýyl halkyna aýt: „Size berjek ýurduma baryp, onuň hasylyny ýygnan mahalyňyz, ilkinji hasyl desselerini ruhana getirip beriň. 11Ol siziň üçin kabul bolsun diýip, dessäni Rebbe sadaka hökmünde ýokary galdyrsyn. Ruhany ony Sabat gününiň ertesi hödür etsin. 12Dessäni sadaka hökmünde ýokary galdyran günüňiz, siz Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde şikessiz toklyny hödürläň. 13Onuň bilen birlikde zeýtun ýagyna garylan ondan iki batman möçberindäki saýlama bugdaý ununy galla sadakasy hökmünde beriň. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu galla sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr. Hödür edilen içgi hökmünde bir küýze ▼▼Bir küýze – ýewreýçe hiniň dörtden biri. Bu takm. 1 litre deňdir.
şerap beriň. 14Hudaýyňyza bu sadakany hödür edýän günüňize çenli çörek, gowrulan bugdaý ýa-da täze bugdaý dänesini iýmäň. Bu siziň nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun. Galla baýramy
15 Sabat gününiň ertesi siz Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür eden dessäňizi getiren günüňizden sanap, doly ýedi hepdäni geçiriň. 16Ýedinji Sabadyň ertesi, ellinji gün Rebbe täze galla sadakasyny hödürläň. 17Siz ýaşaýan ýerleriňizden iki çöregi Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür ediň. Olaryň her biri ondan iki batmana barabar saýlama bugdaý ununa ýugrulyp, ilkinji miwe hökmünde hamyrmaýaly bişirilen bolsun. 18Çörek bilen birlikde şikessiz toklulardan ýedisini, bir öküzçäni we iki goçy hödür ediň. Bular Rebbe ýakma gurbanlyk bolsun. Olar Rebbe ot üsti bilen berilýän galla sadakasy we hödür edilen içgi bilen birlikde Rebbe hödür edilsin. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. 19Şeýle hem siz günä gurbanlygy üçin bir erkeji we salamatlyk gurbanlygy üçin iki sany goçy hödürläň. 20Ruhany bulary iki guzy we ilkinji hasyl çöregi bilen birlikde Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Bular Rebbe bagyş edilip, ruhanynyňky bolmalydyr. 21Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun. 22Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetlerindäkileri ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň. Olary garyp-gasara we gelmişege goýuň. Hudaýyňyz Reb Mendirin“».Surnaý baýramy
23Reb Musa şeýle diýdi: 24«Ysraýyl halkyna aýt: „Ýedinji aýyň birinji güni siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün surnaýlar çalnyp ýatlanýan mukaddes ýygnanyşyk günüdir. 25Şol gün siz işlemäň. Siz Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň“».Günäden saplanma güni
26Reb Musa şeýle diýdi: 27«Ýedinji aýyň onunjy güni günäden saplanma günüdir. Şol gün siziň üçin mukaddes ýygnanyşyk güni bolsun. Siz gije-gündiz agyz bekläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň. 28Şol gün siz hiç işlemäň, çünki bu siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda günäleriňizden saplanmagyňyz üçin, günäden saplanma günüdir. 29Kimde-kim şol gün gije-gündiz agyz beklemese, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn. 30Şol gün haýsydyr bir iş eden adamy, Men öldürerin. 31Siz şol gün işlemäň, bu siziň bütin nesilleriňiz üçin nirede ýaşaýandyklaryna garamazdan, ebedilik düzgün bolsun. 32Ol gün siziň üçin Sabat, doly dynçlyk günüdir. Siz agyz bekläň. Aýyň dokuzy gününiň agşamyndan ertesi agşama çenli Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetiriň».Çatma baýramy
33Reb Musa şeýle diýdi: 34«Ysraýyl halkyna aýt: „Şu ýedinji aýyň on bäşinden başlap, ýedi günüň dowamynda Rebbiň hormatyna Çatma baýramy geçirilsin. 35Onuň birinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. 36Ýedi günläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Sekizinji gün halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň we işlemäň. 37 Mukaddes ýygnanyşyklarda Rebbiň bellemegi buýran baýramlary şulardyr: Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlary: ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary, başga gurbanlyklary we hödür edilen içgileriň hemmesini öz bellenmeli günlerinde beriň. 38Bu baýramlar Rebbiň Sabat günlerinden, aýratyn sadakalaryňyzdan, Hudaýa aýdan sadakalaryňyzdan we Rebbe hödür eden ähli meýletin sadakalaryňyzdan daşarydyr. 39Ýedinji aýyň on bäşinji güni, siz ýerleriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, ýedi günläp Rebbiň hormatyna baýram ediň. Birinji we sekizinji günleri doly dynç alyň, işlemäň. 40Birinji gün oňat miweli agaçlaryň miwesini, palma şahalaryny, gür ýaprakly agaçlaryň we suw boýunda ösýän söwütleriň şahalaryny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýedi günläp şady-horramlykda boluň. 41Her ýyl ýedinji aýda ýedi günläp Rebbiň şanyna baýram belläň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgündir. 42Ýedi günläp çatmalarda ýaşaň, Ysraýylyň ähli ýerli halky çatmalarda ýaşasyn. 43Eger şeýle etseňiz, Meniň ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykanymdan soň, olary çatmalarda ýaşadandygymy siziň nesilleriňiz bilerler. Hudaýyňyz Reb Mendirin“». 44Şeýdip, Musa ysraýyl halkyna Rebbiň bellenmeli baýramlaryny yglan etdi.
Copyright information for
TukLat16