‏ Leviticus 27

Rebbe aýdylan sadakalar hakynda

1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Ysraýyl halkyna aýt: „Eger kimdir biri Rebbe berlen wadany berjaý etmek üçin Rebbe bagyş edilen bolsa, ol adam şu möçberdäki bahalar bilen azat edilip bilner. 3Ýigrimi ýaşdan altmyş ýaşa çenli bolan erkek adamyň bahasy mukaddes öýüň kesgitlän ölçegine görä bir ýüz mysgal
Bir ýüz mysgal – ýewreýçe elli şekel. Bu takm. 600 gr deňdir.
kümüş bolsun.
4Eger aýal maşgala bolsa, ýetmiş mysgal
Ýetmiş mysgal – ýewreýçe otuz şekel. Bu takm. 340 gr deňdir.
kümüş bolsun.
5Bäş ýaşdan ýigrimi ýaşa çenli bolan oglanlaryň bahasy kyrk bäş mysgal
Kyrk bäş mysgal – ýewreýçe ýigrimi şekel. Bu takm. 230 gr deňdir.
kümüş, gyzlaryňky ýigrimi iki mysgal
Ýigrimi iki mysgal – ýewreýçe on şekel. Bu takm. 115 gr deňdir.
kümüş bolsun.
6Bir aýlykdan bäş ýaşa çenli bolan oglanyň bahasy on bir mysgal
On bir mysgal – ýewreýçe bäş şekel. Bu takm. 57 gr deňdir.
kümüş, gyzyň bahasy ýedi mysgal
Ýedi mysgal – ýewreýçe üç şekel. Bu takm. 34 gr deňdir.
kümüş bolsun.
7Ýaşy altmyş ýa-da ondan ýokary bolan erkek kişiniň bahasy otuz bäş mysgal
Otuz bäş mysgal – ýewreýçe on bäş şekel. Bu takm. 170 gr deňdir.
kümüş, aýalyňky ýigrimi iki mysgal kümüş bolsun.
8Eger kimdir biri Rebbe adam bermegi wada edip, soňam onuň boşadylmagy üçin tölenmeli bahany töläp bilmese, onda ony ruhanynyň ýanyna getirsinler. Ruhany onuň ýagdaýyna görä baha kessin.

9Eger Rebbe wada berlen mal sadaka hökmünde kabul edilse, onda hödür edilen her bir sadaka maly mukaddesdir. 10Malyň eýesi maly başga oňat mal bilen çalyşmaly däldir. Eger bir mal başga mal bilen çalşylaýan ýagdaýynda, olaryň ikisi-de Rebbe degişlidir. 11Eger wada berlen mal Rebbe hödür edilmeýän haram mallardan bolsa, ol mal ruhanynyň ýanyna getirilsin. 12Oňatdygyna ýa-da erbetdigine garamazdan, ruhany mala baha kessin. Ruhanynyň kesen bahasy gutarnykly baha bolsun. 13Eger malyň eýesi ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne ýene bäşden birini goşsun.

14Eger kimdir biri öýüni Rebbe bagyş etse, oňatmy ýa-da erbet – parhy ýok, ruhany oňa baha kessin. Ruhany ony näçe bahalasa, şol baha gutarnykly baha bolsun. 15Eger-de öýüni bagyş eden adam ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol kesilen bahanyň üstüne ýene bäşden birini goşsun. Şondan soň öý öz eýesine gaýtarylyp berler. 16Eger kimdir biri öz mülkünden bir bölek ýeri Rebbe bagyş etse, ýeriň bahasy oňa ekiljek tohumyň mukdaryna görä kesilsin: bir eşek ýüki arpa tohumynyň gymmaty bir ýüz mysgal kümüş bolsun. 17Eger kimdir biri ýeri baýram ýyly geçen badyna Rebbe bagyş etse, ýeriň bahasy ruhanynyň kesen nyrhynda galsyn. 18Eger eýesi ýeri baýram ýylyndan has soňrak Rebbe bagyş etse, onda ruhany indiki baýram ýylyna çenli galan wagty hasaplap, bahany öňküden kemeltsin. 19Eger ýeri Rebbe bagyş eden adam ony yzyna satyn almakçy bolsa, onda ol ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne bäşden birini goşsun. Şondan soň ýer öz eýesine gaýtarylyp berler. 20Emma ýeri ilki yzyna satyn alman, ony başga birine satsa, ýer eýesiniň ony yzyna satyn almaga haky ýokdur. 21Emma baýram ýyly gelende, ýer bagyş edilen mülk hökmünde Rebbiňki bolar. Ol ýer ruhanynyň eýeçiligine geçer.

22 23Eger biri öz mülkünden daşary satyn alan ýerini Rebbe bagyş etse, ruhany ýeriň bahasyny baýram ýylyna çenli galan wagta görä hasaplap çykarsyn. Rebbe mukaddes sadaka hökmünde ýeriň bahasy şol günüň özünde tölensin. 24Baýram ýylynda bolsa ýer mülk eýesine, ýagny satyn alnan adamyna geçer. 25Ähli bahalar, mukaddes öýüň resmi ölçegine görä kesilsin, ýagny iki mysgal
Iki mysgal – ýewreýçe ýigirmi gera. Bu takm. 10 gr deňdir.
bolsun.

26Mal-garanyň ilkinji doglany Rebbiňkidir. Ony hiç kim Rebbe bagyş edip bilmez. Öküz bolsun, owlak-guzy bolsun – parhy ýok, olar Rebbiňkidir. 27Eger ol mal haram bolsa, onda malyň eýesi ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne bäşden birini goşup, ony yzyna satyn alsyn. Eger mal yzyna satyn alynmasa, kesilen baha görä satylsyn.

28Rebbe bagyş edilen islendik zat: adam bolsun, haýwan bolsun ýa-da mülk berlen ýer bolsun – parhy ýok, ol satylyp ýa-da yzyna satyn alnyp bilinmez. Bagyş edilen her bir zat ebedilik Rebbe degişlidir. 29Bütinleý ýok edilmeli ynsanlar hem yzyna satyn alnyp bilinmez. Olar hökman ölüme höküm edilsin.

30Ýerden önýän önümleriň ondan biri: dänemi ýa-da miwe – parhy ýok, olaryň bary Rebbiňkidir. Olar Rebbe bagyş edilendir. 31Eger kimdir biri öz ondan birini yzyna satyn almak islese, ondan biriniň nyrhynyň üstüne bäşden birini goşsun. 32Iri mallaryň we dowarlaryň ondan birini, ýagny çopanyň sanaýan her onunjy maly Rebbe bagyş edilsin. 33Hiç kim şikesli maly sadaka bermesin. Şeýle hem mal çalşylmasyn. Eger ol çalşylaýsa, olaryň ikisem Rebbe degişli bolar. Siz olary yzyna satyn almaly dälsiňiz“».

34Rebbiň Sinaý dagynda ysraýyl halky üçin Musa beren buýruklary şulardan ybaratdyr.
Copyright information for TukLat16