‏ Luke 17:26-30

26 aNuhuň günlerinde nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň günlerinde-de şeýle bolar. 27Adamlar Nuhuň gämä münen gününe çenli iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykyp, arkaýyn ýaşap ýördüler. Soňra äpet sil gelip, baryny ýok etdi. 28 bLutuň günlerinde hem şonuň ýaly boldy: adamlar iýip-içip, alyp-satyp, ekip-dikip ýördüler. 29Emma Lutuň Sodomdan çykan güni gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini ýok etdi. 30Ynsan Oglunyň peýda boljak gününde hem şeýle bolar.
Copyright information for TukLat16