‏ Luke 2:1-7

Isa dogulýar

(Matta 1:18-25)

1Şol günlerde Rim imperatory Awgust tutuş imperiýada ilat ýazuwyny geçirmek barada perman çykardy. 2Bu ilkinji ilat ýazuwy bolup, ol Kiriniusyň Siriýa hökümdarlyk eden döwründe geçirildi. 3Ilat ýazuwyndan geçmek üçin, her kim öz şäherine gitdi.

4Şeýlelikde, Ýusup hem Jeliledäki Nasyra şäherinden çykyp, Dawudyň Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherine gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline degişlidi. 5Ýusup ýazylmak üçin ol ýere göwreli adaglysy Merýemi hem alyp gitdi. 6 7Olar Beýtullahamdakalar, Merýemiň aýy-güni dolup, nowbahar ogluny dogurdy. Merýem Ony gundaga dolady-da, bir ahyrda ýatyrdy, sebäbi olar myhmanhanadan ýer tapmandylar.
Copyright information for TukLat16