‏ Luke 20:41-44

Mesih Kimiň Ogly?

(Matta 22:41–23:36; Mark 12:35-40)

41Onsoň Isa olara: «Näme üçin Mesihe Dawudyň ogly diýýärler? 42 aIne, Dawudyň özi Zebur kitabynda şeýle diýýär: „Hudaý Rebbime
Reb – Zeburda bu söz reb bolup, patyşa ýüzlenilende ulanyldy, bu ýerde bolsa Reb Mesihe degişli.
şeýle sözledi:
43Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur“.

44Eger Dawut Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» diýdi.
Copyright information for TukLat16