Luke 5:33-39
Agyz bekleme barada sorag
(Matta 9:14-17; Mark 2:18-22)
33Olar Isa: «Ýahýanyň şägirtleri ýygy-ýygydan agyz bekläp, doga-dileg edýärler, fariseýleriň şägirtleri hem şeýle, emma Seniň şägirtleriň iýip-içip ýörler» diýdiler. 34Isa: «Toýda giýew dostlarynyň ýanyndaka, siz onuň myhmanlaryna agyz bekledip bilersiňizmi? 35Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler» diýip jogap berdi. 36 Isa olara şu tymsaly aýdyp berdi: «Hiç kim täze eşikden ýyrtyp, köne eşige ýama salmaz. Beýtse, täze eşik hem ýyrtylar, täze eşikden alnan ýama-da köne eşige gelişmez. 37Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa täze şerap meşikleri böwsüp, şerap ýere döküler, meşikler-de zaýalanar. 38Täze şerap täze meşiklere guýulmalydyr. ▼▼Käbir golýazmalarda Şeýdip, ikisi hem abat saklanýandyr diýen jümle hem bar.
39Hiç kim köne şeraby içenden soň täzäni küýsemez. „Könesi oňat“diýer».
Copyright information for
TukLat16