Luke 6:32-36
32Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormat gazanýarsyňyz? Günäkärlär-de özlerini söýýänleri söýýärler ahyryn. 33Siz özüňize ýagşylyk edýänlere ýagşylyk edýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormat gazanýarsyňyz? Günäkärler-de şeýle edýändirler. 34Yzyna almak tamasy bilen karz berýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormata mynasypsyňyz? Günäkärler-de doly yzyna almak niýeti bilen günäkärlere karz berýändirler. 35Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir. 36Gökdäki Ataňyzyň rehimli bolşy ýaly, siz-de rehimli boluň.
Copyright information for
TukLat16