Luke 6:47-49
47Meniň ýanyma gelýän, sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän adamyň kime meňzeýändigini size beýan edeýin: 48ol öý salmak üçin ýeri çuň gazyp, onuň binýadyny gaýanyň üstünde tutan adama meňzeýär. Sil gelende, derýa joşup, bu öýe urulsa-da, ony sarsdyryp bilmez, sebäbi ol berk salnypdy ▼▼Sebäbi ol berk salnypdy – bu jümle käbir golýazmalarda sebäbi onuň binýady gaýanyň üstünde tutulypdy diýip duş gelýär.
. 49Emma Meniň sözlerimi eşidip-de, berjaý etmedik kişi topragyň üstünde binýatsyz öý salan adam ýalydyr. Derýa joşup, ol öýe uran badyna, öý ýykylar. Onuň dargaýşy-da gorkunç bolar».
Copyright information for
TukLat16