Luke 8:22-25
Isa tupany ýatyrýar
(Matta 8:23-27; Mark 4:35-41)
22Bir gün Isa şägirtleri bilen bir gaýyga münüp, olara: «Geliň, kölüň beýleki tarapyna geçeliň» diýdi. Şeýdip, olar ýola düşdüler. 23Olar gaýykda ýüzüp barýarkalar, Isa uka gitdi. Kölde birden güýçli tupan turdy. Gaýyk suwdan dolup başlady, olar howply ýagdaýa düşdüler. 24Şägirtler baryp, Isany oýaryp: «Halypa! Halypa, biz heläk bolup barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem möwç alýan tolkunlara käýedi. Tupan ýatyp, doly imisalalyk aralaşdy. 25Isa şägirtlerine: «Siziň imanyňyz hany?» diýip sorady. Olar bolsa gorkuşyp hem geň galyp, biri-birlerinden: «Bu Adam kimkä? Ol ýele hem suwa buýruk berýär, olar-da Oňa gulak asýar!» diýişdiler.
Copyright information for
TukLat16