Luke 9:7-9
7Şol wagt Hirod han bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Sebäbi käbir adamlar: «Ýahýa direlipdir!» diýýärdiler. 8Käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr!», başga birileri hem: «Gadymy pygamberleriň biri direlipdir!» diýişýärdiler. 9Hirod bolsa: «Men Ýahýanyň başyny çapdyrdym, onda bu adam kimkä? Ol hakda üýtgeşik habarlar eşidýän» diýdi. Ol Isany görmäge jan etdi.
Copyright information for
TukLat16