‏ Malachi 2

1 2Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi, eý, ruhanylar, bu buýruk siziň üçindir. Eger diňlemeseňiz, adymy şöhratlandyrmagy ýürekden islemeseňiz, onda Men siziň üstüňize nälet ibererin we alkyşlaryňyzy nälete öwrerin. Men olary eýýäm näletledim, sebäbi siz muny ýürekden islemediňiz. 3Men siziň tohum-tijiňizi ýazgararyn. Baýramçylyklarda gurban edýän mallaryňyzyň dersini ýüzüňize sürterin we siz huzurymdan äkidilip, derse taşlanarsyňyz. 4Şonda Lewi bilen eden ähtimiň saklanmagy üçin, bu buýrugy size ýollandygymy biliň. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir. 5Meniň onuň bilen eden ähtim ýaşaýyş we parahatçylyk ähtidir. Men bulary oňa Menden gorksun diýip berdim. Ol Menden gorkup, adyma hormat goýdy. 6Onuň edýän öwüt-ündewleri dogrudy, hileli sözi ýokdy. Ol Meniň bilen ylalaşyk we dogrulyk ýolundan ýöräp, köp adamlary günäden sowdy. 7Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir. 8Emma siz ýoldan çykdyňyz we öwüt-ündewleriňiz bilen köp adamlaryň büdremegine sebäp bolduňyz. Siz Lewiniň ähtini bozduňyz. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir. 9Öwüt-ündewiňizde tarapgöýlik edip, Meniň ýollarymy tutmandygyňyz üçin, Men hem sizi bütin halkyň öňünde kemsitdim we peseltdim».

Halkyň Rebbe biwepalygy

10Biziň hemmämiziň atamyz bir dälmi? Bizi bir Hudaý ýaratmadymy? Onda näme üçin biz biri-birimize dönüklik edip, ata-babalarymyzyň ähtini bozýarys? 11Ýahuda dönüklik edip, Ysraýylda we Iýerusalimde nejis iş etdi. Ýahuda keseki hudaýa sežde edýän gyza öýlenip, Rebbiň halaýan mukaddes öýüni harama çykardy. 12Muny eden kişi Hökmürowan Rebbe sadaka getiren bolsa-da, Reb onuň maşgalasyny Ýakubyň neslinden sogrup taşlap, ony jezalandyrsyn.

13Ine, başga-da bir eden işiňiz bar: siz Rebbiň gurbanlyk sypasyny gözýaşlar bilen, möňňürip, ahy-nala bilen doldurýarsyňyz, sebäbi Reb indi siziň getiren sadakalaryňyza seretmeýär, olary eliňizden hoşallyk bilen kabul etmeýär. 14Siz: «Näme üçin kabul etmeýär?» diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Reb seniň we ýaş wagtyň öýlenen aýalyňyň arasynda şaýatdyr. Ol ýanýoldaşyň, ähtleşen aýalyň hem bolsa, sen oňa dönüklik etdiň. 15Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär?
Tutuş kalby… isleýär? – ýa-da Onda ajaýyp ruh bolsun diýip, ony bir edip ýaratmanmydy? Näme üçin bir edip?.
Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň.
16Ysraýyl Hudaýy Reb: «Men aýrylyşmagy ýigrenýärin. Men aýrylyşan adamyň başyna zulum salaryn
Men aýrylyşan… salaryn – ýa-da Aýrylyşyp, zulum edýäni ýigrenýärin.
, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn. Şonuň üçin siz seresap boluň, dönüklik etmäň» diýýär.

Höküm güni

17Siz sözleriňiz bilen Rebbi irizdiňiz. «Ony nädip irizdik?» diýip soraýarsyňyz. «Ýamanlyk edýän her bir adam Rebbiň nazarynda gowudyr we Reb olardan hoşaldyr» ýa-da «Hany, adalat Hudaýy nirede?» diýip irizdiňiz.
Copyright information for TukLat16